TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekili bilen duşuşyk

Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurtda öz işini tamamlaýan BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Hemişelik wekiliniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Natiýa Natswlişwili bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar 1995-nji ýylda ýola goýlan Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň işjeň hyzmatdaşlygyny kanagatlanma bilen bellediler. Geçen ýyllarda gazanylan umumy sepgitlere syn bermek, şeýle-de soňky aýlarda amala aşyrylan bilelikdäki işlere seretmek bilen, söhbetdeşler dolandyryş, ykdysady diwersifikasiýa, saglygy goraýyş we ekologiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň netijeliligini nygtadylar.

BMGÖM ösüş ulgamynda BMG-niň işjeň edarasy bolmak bilen, ol türkmen tarapyna ýaşyl ykdysadyýete geçmek, durnukly oba hojalygy, sanlylaşdyrmak, şeýle-de durmuş goraglylygy ulgamyny gowulandyrmak, lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmek bilen bir hatarda, Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek prosesinde netijeli hünär tejribelerini hödürleýändigi barada aýdyldy.

Adam hukuklary, gender deňligi, howply keselleriň öňüni almak we azaltmak, şeýle-de howanyň üýtgemegi babatda milli maksatnamalary hem-de strategiýalary işläp taýýarlamakda BMGÖM-iň möhüm orny nygtaldy. BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistan babatynda 2021-2025-nji ýyllar üçin Ýurt boýunça maksatnamasy üstünlikli işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi.

Türkmenistanda alyp baran işlerine berlen ýokary baha üçin hem-de öz adyna aýdylan mähirli sözlere we ýagşy arzuwlara hoşallyk bildirmek bilen,  hanym Natiýa Natswlişwili netijeli hyzmatdaşlyk we Türkmenistanda BMGÖM-iň işine berlen ýardamlar üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk beýan etdi.

Messi “PSŽ” topary bilen ylalaşdy

 

 

Ýene-de okaň

Hytaýyň Başlygy Si Szinpin Saud Arabystanyda

Türkmenistan bilen Russiýa 15 resminama gol çekişdi

Türkmenistan-Russiýa: ylalaşyklaryň toplumyna gol çekiler

Teswirle