JEMGYÝET

BMG-niň Baş sekretary Türkmenistana sapar bilen geldi

Şu gün günüň ikinji ýarymynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Merkezi Aziýa amala aşyrýan saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada geldi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Belent mertebeli myyhmany Aşgabadyň halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow garşy aldy. Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri bilen BMG-niň Baş sekretarynyň duşuşygy geçirildi. Onda Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol sanda raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça pikir alşyldy.

Ikiçäk duşuşyk tamamlanandan soňra türkmen halkynyň Milli Lideri we Antoniu Guterriş halkara howa menzilinden paýtagtymyz Aşgabatdaky  kaşaň “Oguzkent” myhmanhanasyna geldiler.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ýurdumyza sapary dowam edýär.

Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Merkezi Aziýa döwletlerinde resmi saparda bolýar. Bu saparyny Özbegistandan başlan Antoniu Guterriş Gyrgyzystanda, Gazagystan we Täjigistanda saparda boldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş mundan ozal, 2017-nji ýylda Merkezi Aziýa döwletlerinde saparda bolupdy.

Ýene-de okaň

Indiki hepde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi geçiriler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjanyň Prezidentini we Ermenistanyň Premýer-ministrini gutlady

«Galkynyş» toparyna pul sowgatlary gowşuryldy

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäherinde atçylyk boýunça çeper filmi surata düşüriler

Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk Maksatnamasy taýýarlanar

Türkmenistan öňüni alyş döwlet dolandyryşyna geçmegi teklip etdi

Ata Watan Eserleri