DÜNÝÄ

BMG-niň Baş Assambleýasynda Awazada kabul edilen resminamalar

Awazada  geçirilen Merkezi  Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça kabul edilen resminamalar BMG-niň BA-nyň 75-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde beýan edildi.

Mälim bolşy ýaly 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Hazaryň türkmen kenarynda Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky Konsultatiw duşuşygy geçirildi. Bu çäre bilen birlikde ýokarda agzalan Forumyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Zenanlarynyň dialogy hem geçirildi.

Döwlet Baştutanlary gepleşikleriň netijelerini nazarda tutup, Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannamany kabul edildi. Zenanlaryň dialogynyň netijeleri boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Zenanlarynyň dialogynyň Jarnamasyny kabul edildi.

Şunlukda, Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannama hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Zenanlarynyň dialogynyň Jarnamasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde beýan edildi we BMG-niň resmi dillerinde çap edildi hem-de agza ýurtlaryň arasynda ýaýradyldy. Bu bolsa sebitleýin ösüşiň ilerledilmeginde Merkezi Aziýa platformasynyň derwaýyslygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýandyr.

Ýolagçy howa gatnawlaryň täze tertibi: Sentýabr 2021

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministri Italiýanyň täze bellenen ilçisi bilen duşuşdy

Nadir Alparslan: Türkiýe we Türkmenistan Ýüpek ýoluny dikeldýärler

Türkmenistan Ösüş boýunça ylym we tehnika komissiýasynyň agzalygyna saýlandy

Wengriýada Orban döwri tamamlandy: täze Premýer-ministr Peter Madýar boldy

Antalýada Türki döwletleriniň guramasynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde täze kanun taslamalary kabul edildi