BIZNES

Bitkoin ilkinji gezek milli pul birligine öwrülýär

El Salwador “Bitcoin” kriptowalýutany ýurduň resmi pul birligi hökmünde kabul edýän ilkinji ýurt bolmak üçin kanun taslamasyny taýýarlady.

Ýurduň Prezidenti Naýib Bukele “Bitcoin 2021” maslahatyna iberen wideo ýüzlenmesinde kanun taslamasy bilen daşary ýurtlarda ýaşaýan el salwadorlylaryň ýurda pul ibermek üçin amatly boljakdygyny aýtdy.

Kanun taslamasy kabul edilen halatynda El Salwador “Bitcoin”-i milli pul birligi hökmünde kabul eden ilkinji ýurt babatda taryha girer.

Täze işewürlik ugurlarynyň döremegine ýol açjakdygyny mälim eden Prezident Bukele “Twitter” jemgyýetçilik tory hasabynda häzirki wagtda bitkoiniň bazardaky bahasynyň 680 milliard dollardygyny aýtdy.

 

Angliýada ýylyň futbolçysy belli boldy

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň serhetüsti ýük dolanşygynyň möçberleri ýokarlandy

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler

Türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi