TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Bitarap Türkmenistanda ýüpekçiligiň medeniýeti

Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli pudaklar bilen bir hatarda ýurdumyzyň dokma senagaty pudagynda hem uly özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Pudaga ägirt uly maýa goýum serişdeleri gönükdirilip, döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän,häzirki zamanyň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen täze dokma toplumlary gurlup, ulanylmaga berilýär. Dünýä ylmynyň gazananlaryny, häzirki zamanyň täze tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmak arkaly ýurdumyzyň senagatyny mundan beýläk-de ösdürmek, kämilleşdirmek we ýokary hilli önümleri öndürmek häzirki döwürde möhüm wezipeleriň biri bolup durýar.

Türkmen halkynyň medeni mirasynyň ajaýyp däpleriniň biri bolan ýüpekçilik – dokma senagatynyň iň esasy pudaklarynyň biridir.Ýüpegiň daşary ýurtlara iberilişi özüniň gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Ýüpek matalaryny we onuň önümlerini, aýratyn hem ýüpek ketenileri we ýokary dykyzlykda çitilen halylary taýýarlamagyň syrlary asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçirilipdir. Ýurdumyzda her ýyl pile öndürmegiň möçberleri artdyrylýar  we ýokary hilli ýüpeginiň we ondan öndürilýän önümleriň görnüşleri giňeldilýär.

Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly (2017ý., 2018ý.) iki jiltli kitabynda ýüpegiň, ýüpek matalarynyň adamzadyň durmuşynda uly orun eýeleýändigi hakyndaky maglumat beýan edilýär: “Türkmen parçalary Hytaýda, Hindistanda we dünýäniň beýleki ýurtlarynda islenilýän harytlaryň biri bolupdyr. Ata-babalarymyz iňňän ýokary hilli harytlary taýýarlamagyň ussady bolmak bilen birlikde, uzak ýerler bilen şol harytlaryň söwdasyny hem işjeň ýola goýupdyrlar”.

Ýüpekçilik türkmen halkynyň gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan hünärmenleriniň biri bolup durýar. Müsüriň, Beýik Britaniýanyň, ABŞ-nyň belli muzeýlerinde ajaýyp moda önümçiligi, däpleri, ýokary çeperçilik medeniýeti bilen şöhrat gazanan gadymy Merwde taýýarlanan ýüpek matalaryň gadymy nusgalary saklanylýar.

Orta asyrlarda ýaşap geçen arap geografy Istahri: “Iň gözel we mübärek ýüpek we nah matalardan ajaýyp lybaslar Merwde we Nyşapurda öndürilýär” diýip ýazsa, şol döwrüň başga bir taryhçysy Ýakut al Hamawiň ýazmagyna görä, inçe ýüpek matalar XII asyryň başynda Merwiň Şawalihan obasynda dokalypdyr. Şol ýüpek matalaryň atlary “Mulham” we “Şahyjan” bolupdyr. Şulardan mälim bolşy ýaly, ýüpekden dokalýan meşhur “Şahy” matasynyň ata Watany gadymy Merw bolaýmaly.

XIX asyryň ahyrynda türkmen halylaryny we ýüpegi daşary ýurtlara çykarmaklyk has giňeldilipdir. Zakaspide (şol wagtlar Türkmenistanyň çäkleri hem şeýle atlandyrylypdyr) halylary we ýüpegi satyn almak bilen Kawkaz we rus täjirleri meşgullanypdyrlar. Kaspiniň günbatar kenarýakasyndan harytlar esasan Baku we Ardebiliň üsti bilen Türkiýä, soňra bolsa Fransiýa ugradylypdyr. Günorta serhetlerden önümler Parsa, Owganystana geçirilipdir. Ol ýerden bolsa Ýewropanyň we Amerikanyň ýurtlaryna aralaşypdyr. 1897-nji ýylda Zakaspi ülkesinden ýüpek matasynyň 710 pudy, ýüň halylarynyň 44716 pudy, keçeleriň 21809 pudy, muzeýler we kolleksiýalar üçin geýimleriň 779 pudy äkidilipdir. Türkmen ýüpek önümleri daşary ýurtlaryň belli söwda merkezlerini, söwda-sergilerini hem bezäpdir. Elbetde ol ýüpek önümleri hil taýdan ýokarylygy, owadanlygy, bildirilýän talaplara doly gabat gelýändigi bilen tapawutlanypdyr.

Häzirki wagtda döwletimiz ýüpekçiligi ösdürmek baradaky aladalary netijesinde ýüpek gurçuklarynyň tohumlaryny güneşli ülkämizde ýetişdirmäge kämilleşdi. Çygly howa şertlerine uýgunlaşan ýerli tohumlardan “Türkmen-3”, “Türkmen-4”, “Türkmen-13”, “Türkmen-16”, “Ak pile-1”,“Ak pile-2”, “Lebap-1”, “Lebap-2”, “Dostluk-1”, “Dostluk-2” ýaly ýüpek gurçugynyň saýlama tohumlary türkmen alymlary tarapyndan işlenilip düzüldiler. Häzirki ýüpek gurçuklarynyň tohumlary Türkmenabadyň, Marynyň we Änewiň tohumçylyk zawodlarynda janlandyrylýarlar. Ýerli howa şertlerine uýgunlaşan, ýerli tohumlardan janlandyrylan gurçuklary önüm berijiligi we pilesiniň ýokary hilliligi bilen tapawutlanýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 7-nji fewralyndaky “Türkmenistanda pile önümçiligini kämilleşdirmek hakyndaky” Karary bilen Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň üstüne ýurdumyzda pile önümçiligini talabalaýyk guramak, pile öndürijileri ýüpek gurçugynyň tohumy bilen üpjün etmek hem-de piläni gaýtadan işlemek wezipesi goýuldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, oba ilatynyň ýüpekçilik bilen meşgullanmaga gyzyklanmasy ýylsaýyn artýar. 2019-njy ýyldan başlap piläniň döwlet tarapyndan satyn alyş bahasy 2,5 esse ýokarlandyryldy. Ýetişdirilen pile paýtagtymyzyň Aşgabatdaky we Türkmenabat şäherindäki ýüpek fabriklerinde gaýtadan işlenip, çig ýüpek öndürilýär. Çig ýüpek ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrliginiň dokma kärhanalaryna berilýär hem-de goňşy Eýran Yslam Respublikasyna eksport edilýär.

2020-nji ýylda Türkmenistanyň ýüpekçilik pudagy öz ösüşinde täze sepgitleri eýelemek bilen, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm pudaklarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanyň ýüpek kärhanalary dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň, firmalarynyň ýokary öndürijilikli enjamlary bilen üpjün edildi. Türkmenabadyň ýüpek gurçugynyň tohumyny taýýarlaýan zawody, Aşgabadyň ýüpek kärhanasy we Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşigi doly döwrebaplaşdyryldy we täze enjamlar bilen üpjün edildi. Bu ýerde ýüpek halylary, ýaglyklary, milli keteni matasyny we beýleki önümleri taýýarlaýan täze bölümler işe girizildi. Paýtagtymyzda ýerleşýän panbarhat kärhanasy hem ýüpek süýüm bilen bökdençsiz üpjün edilýär. Ýurdumyzda öndürilýän dokma önümleriniň köp bölegi daşary ýurtlara, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, Kanada, Beýik Britaniýa, Italiýa Respublikasyna, Türkiýe Respublikasyna, Hytaý Halk Respublikasyna, Russiýa Federasiýasyna, Ukraina ugradylýar. Türkmenistanyň ýüpek önümlerine dünýä bazarynda ýokary derejede gyzyklanma bildirilmegi, ilkinji nobatda, önümleriň ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassalygy, tebigy aýratynlygy bilen baglydyr.

Ýurdumyzyň dokma pudagynda taýýarlanylýan ýokary hilli önümleriň dünýä bazarlaryna çykarylmagy döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady syýasatynyň möhüm ugrydyr .

Obada telekeçiligi goldamak we höweslendirmek boýunça döwlet syýasatynyň ýöredilmegi bilen baglylykda hem ýüpekçiligiň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Önüm öndürijilere berilýän ählitaraplaýyn goldaw netijesinde, ýurdumyzyň işewürliginiň wekilleri ýüpek önümçiliginde iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirýärler.

Ýurduň daşyndan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçiligi döretmek we ykdysadyýetiň eksport kuwwatyny artdyrmak syýasaty Milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine saldamly goşant goşýar. Türkmenistanda ýüpek önümçiligine gaýtadan işleýän oba senagat toplumynda uly ähmiýet berilýär.

Merjen Taganowa,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň

Taryh we arheologiýa institutynyň uly  ylmy işgäri.

 

100 milliard dollarlyk awtoulagsyz täze şäher gurlar

 

Ýene-de okaň

Bitaraplyk- bagtymyz

Ata Watan Eserleri

Radiožurnalistler bilen duşuşyk

Türkmenistan-Koreýa Respublikasy: döwletara gatnaşyklarynyň täze ugry

Teswirle