Ge­çen hep­de­de Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň söw­da­la­ryn­da ge­le­şik­le­riň 24-si ha­sa­ba alyn­dy.

Da­şa­ry ýurt pu­lu­na Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň, Ow­ga­nys­ta­nyň te­le­ke­çi­le­ri Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da ön­dü­ri­len po­lip­ro­pi­le­ni we uçar ke­ro­si­ni­ni sa­tyn al­dy­lar.

Tür­ki­ýä­niň we Ow­ga­nys­ta­nyň işe­wür to­par­la­ry­nyň we­kil­le­ri Seý­di­niň ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wo­dyn­da ön­dü­ri­len gö­ni aras­sa­la­nan ben­zi­ni, ABŞ-nyň işe­wür­le­ri bol­sa “Türk­men­hi­mi­ýa” döw­let kon­ser­ni­niň kär­ha­na­syn­da ön­dü­ri­len teh­ni­ki ug­le­ro­dy sa­tyn al­dy­lar.

Mun­dan baş­ga-da, da­şa­ry ýurt pu­lu­na Tür­ki­ýä­niň, Azer­baý­ja­nyň we Gyr­gy­zys­ta­nyň te­le­ke­çi­le­ri nah ýüp­lü­gi sa­tyn al­dy­lar. Ge­le­şik­le­riň je­mi ba­ha­sy ABŞ-nyň 23 mil­li­on 146 müň dol­la­ryn­dan gow­rak bol­dy.

Nah ýüp­lük Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň, Tür­ki­ýä­niň, Hin­dis­ta­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň te­le­ke­çi­le­ri­niň ge­le­şik­le­ri­niň esa­sy­ny düz­di. Ge­le­şik­le­riň je­mi ba­ha­sy 8 mil­li­on 885 müň ma­natlyk­dan gow­rak bol­dy.

 

«Çal­sa­na, bag­şy!» bäs­le­şi­giniň Ahal welaýat tapgyry geçirildi