SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“BioNTech” Afrikada sanjym öndürer

Germaniýanyň “BioNTech” kompaniýasy Afrikanyň Senegal we Ruanda döwletlerinde sanjym öndürýän desga gurmagy meýilleşdirýär.

Täze görnüşli koronawirus (Kovid-19) sanjymyny öndüriji, Germaniýanyň biotehnologiýa kompaniýasy “BioNTech” sanjym önümçilik desgalaryny gurmak üçin Ruanda we Senegal bilen şertnama baglaşdy.

Kompaniýanyň berýän beýanatyna görä, Ruandanyň paýtagty Kigalide gol çekilen şertnama laýyklykda “BioNTech” geljek ýylyň ortalarynda Ruanda we Senegalda mRNA esasly gyzzyrma we inçekesele garşy sanjym önümçilik desgalarynyň gurluşygyna başlar.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň sebit müdiri Matşidiso Moeti bu şertnamanyň diňe bir ilatyň saglygy üçin däl, eýsem ykdysady ösüş üçinem möhümdigini aýtdy.

Afrikada sanjym öndüriljek desgalarda ilkinji nobatda her ýylda 50 million dozada “Kowid-19” sanjymyny öndürmek maksat edinilýär.

Afrikada ulanylýan sanjymlaryň diňe 1 göterimi bu yklymda öndürilýär. Şonuň üçin Afrika Bileleşigi bu mukdary 2040-njy ýyla çenli 60 göterime çenli ýokarlandyrmak isleýär.

 

Türkmenistan bilen Eýran demirýol ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Ýene-de okaň

5 aýda Özbegistana 5 milliondan gowrak syýahatçy geldi

Eýran howa giňişligini doly açdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 15-nji iýuna çenli ýatyryldy

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça täze maksatnama tassyklandy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 1-nji iýuna çenli ýatyryldy