TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Bill Geýtsden 5 sany kitap maslahaty

“Microsoft”kompaniýasynyň esaslandyryjysy Bill Geýts wagtal-wagtal kitap tekliplerini berýär. Geýts ABŞ-da dynç alyş möwsüminiň öňüsyrasynda bäş sany täze kitaby teklip etdi. Ýurtda Täze ýyl baýramçylygy sebäpli köp günlük dynç alyş günleri başlaýar.

Dünýäniň iň baý adamlaryndan biri bolan Geýts, “Microsoft”-yň esaslandyryjysy soňky ýyllarda “GeýtsNotes” diýip atlandyrýan sahypasynda tekliplerini paýlaşýar.

Bill Geýts ozal hem kitap tekliplerini edipdi.

Ine, Geýtsiň maslahat beren 5 sany kitaby:

“Müň beýni”: Täze akyl teoriýasy – Jeff Hawkins

“PalmPilot” -yň öndürijisi Jeff Hawkins emeli intellekt işi bilen tanalýar. Geýtsiň pikiriçe, Hawkins ençeme ýyl bäri newrologiýa we maşyn öwrenmek boýunça işleýär. Bu kitap Hawkinsiň emeli intellekt ösüş prosesine bolan çemeleşmesini öwrenýär.

“Kod bozujy” – Walter Isakson

Geýts “CRISPR” gen redaktirleme programmasyna esasy maýa goýujydyr. Geýts gaznasy “CRISPR” bilen işleýän köp sanly taslama maýa goýupdy. Walter Isaksonyň bu kitaby, Nobel baýragynyň eýesi biohimik Jennifer Doudna we kärdeşleri hakdadyr. Kitapda toparyň gen redaktirlemegi baradaky etiki diskussiýalar öňe sürülýär.

“Klara we Gün” – Kazuo Işiguro

Geýtsiň maslahat beriş sanawynda Ýaponiýada doglan iňlis ýazyjysy Kazuo Işiguronyň “Klara we Gün” kitaby öz ornuny aldy. Kitap Işiguro edebiýat boýunça Nobel baýragyny alandan soň ýazyldy. Kitapda näsag ýetginjek gyzyň robot bilen dostlugy öwrenilýär.

Hamnet – Maggi O-Farrell
Dünýä belli iňlis dramaturgy Uilýam Şekspiriň durmuşyndan bir bölege ünsi jemläp, kitap awtoryň içki dünýäsine ýagtylyk bermäge synanyşýar.

“Taslama salam Mary” – Andi Weir

Andi Weir dünýäde iň köp satylýan ylmy fantastika kitaplarynyň awtory. Weýriň “The Martian” atly kitaby bütin dünýäde täsir galdyrdy we Matt Damonyň baş keşbi janlandyran filmden soň meşhurlygy hasam artdy. Soňky romanynda başga ýyldyz ulgamynda oýanýan orta mekdep mugallymy baş gahryman bolýar.

 

Pedri “Golden Boy” baýragyny gazandy

Ýene-de okaň

Türkmenistan Halkara habarlar merkezini açdy

«Türkmenfilm» birleşigi täze multfilmini hödürleýär

«Türkmenfilm» birleşigi täze kinolaryny hödürleýär

Teswirle