BIZNES

Bill Geýts baýlygyny bagyş eder

Milliarder işewür Bill Geýts baýlygyny bagyş etjekdigini belledi we munuň netijesinde dünýäniň baýlarynyň sanawynda yzky orunlara düşjekdigini mälim etdi.

“Microsoft” kompaniýasynyň esaslandyryjy Bill Geýts, öňki aýaly Melinda Geýts bilen esaslandyran gaznasyna 20 milliard dollar berjekdigini habar berdi.

Geýts dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda dördünji orunda durýar. Ol 2010-njy ýylda baýlygyndan bir bölegini haýyr-sahawat gaznasyna bölüp berjekdigini belläpdi. Şondan bäri onuň baýlygy 2 esse artdy.

“Forbes” žurnalynyň habaryna görä, Geýtsiň baýlygy 118 milliard dollar.

“Bill & Melinda Gates” gaznasy pandemiýa we howanyň üýtgemegi ýaly soňky global meseleler sebäpli gaznanyň çykdajylaryny 2026-njy ýyla çenli her ýylda 6 milliard dollardan 9 milliard dollara çenli ýokarlandyrjakdygyny aýtdy.

“Bill & Melinda Geýts” gaznasy gyzzyrma ýaly keselleri ýok etmek, bilimi gowulaşdyrmak we saglyk ýagdaýyny gowulandyrmak üçin göreşmek üçin dürli ýurtlarda iş alyp barýar.

Bu gazna 2020-nji ýylda 49,8 milliard dollarlyk maliýe serişdeleri bilen dünýäde ikinji orunda durýar.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Senatynyň Başlygy bilen duşuşdy

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy