No menu items!
8.9 C
Istanbul
13/08/2020 15:01
No menu items!
Home BILIM Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine kabul edilşik

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine kabul edilşik

2020/2021-nji okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

  1. Kli­ni­ki luk­man­çy­lyk (hü­när­ler: be­je­riş işi; pe­di­at­ri­ýa).
  2. Har­by luk­man­çy­lyk (hü­när­ler: be­je­riş-öňü­ni alyş işi; arassa­çy­lyk we ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­na gar­şy gö­reş­mek işi).

Tö­leg­li esas­da hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ma­gyň ugur­la­ry we hünär­le­ri:

  1. Kli­ni­ki luk­man­çy­lyk (hü­när­ler: be­je­riş işi; pe­di­at­ri­ýa; stoma­to­lo­gi­ýa).
  2. Sag­lyk ba­ra­da­ky ylym­lar we öňü­ni alyş luk­man­çy­ly­gy (hü­när­ler: sag­ly­gy go­ra­ýyş-öňü­ni alyş işi; sport luk­man­çy­ly­gy; sag­ly­gy di­kel­diş we ada­ty däl luk­man­çy­ly­gy; luk­man­çy­lyk-durmuş go­ra­gy işi).
  3. Far­ma­si­ýa (hü­när: far­ma­si­ýa).

Uni­wer­si­te­te Türk­me­nis­ta­nyň umu­my or­ta ýa-da or­ta hü­när bi­lim­li, ýa­şy 35-den geç­me­dik ra­ýat­la­ry, har­by luk­man­çy­lyk ugru­na — ça­gy­ryş bo­ýun­ça har­by gul­lu­gy ge­çen, 24 ýa­şy dol­ýan­ça er­kek ra­ýat­la­ry ýa-da Türk­me­nis­ta­nyň Go­ran­mak mi­nistr­li­gi­niň ýö­ri­te­leş­di­ri­len har­by mek­dep­le­ri­ni ta­mam­lan 25 ýa­şy dol­ýança er­kek ra­ýat­la­ry, şeý­le hem borç­na­ma bo­ýun­ça har­by gul­lugy geç­ýän, ofi­ser har­by ady bol­ma­dyk 24 ýa­şy dol­ýan­ça er­kek har­by gul­luk­çy­la­ry gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça bäs­le­şik esa­syn­da ka­bul edil­ýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry we­la­ýat mer­kez­le­rin­de we Aş­ga­bat şähe­rin­de 2020-nji ýy­lyň 6 — 19-njy iýu­ly ara­ly­gyn­da ka­bul edil­ýär. Res­mi iş ka­gyz­la­ry­nyň sa­na­wy:

— bel­le­ni­len nus­ga­da rek­to­ryň ady­na ýa­zy­lan ar­za;

— bel­le­ni­len nus­ga­da­ky so­wal­na­ma (an­ke­ta);

— umu­my or­ta (ýa-da or­ta hü­när) bi­lim ba­ra­da­ky res­mi­na­ma (asyl nus­ga­sy);

— Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan bel­le­ni­len nus­ga­da­ky sag­lyk ke­pil­na­ma­sy;

— soň­ky okan ýe­rin­den (iş­län ýe­rin­den, har­by bö­lüm­den) häsi­ýet­na­ma;

— 3×4 sm öl­çeg­dä­ki on iki sa­ny fo­to­su­rat;

— iş­le­ýän­ler üçin zäh­met dep­der­çe­si­niň tas­syk­la­nan gö­çürme­si we onuň asyl nus­ga­sy;

— gi­riş sy­nag­la­ryn­dan üs­tün­lik­li ge­çen ýag­da­ýyn­da ar­tyk­maçlyk­lar­dan peý­da­lan­ýan oku­wa gir­ýän ýy­lyn­da mek­dep okuw­çy­lary­nyň ders­ler bo­ýun­ça döw­let bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri, umu­my­bi­lim ders­le­ri bo­ýun­ça hal­ka­ra bäs­le­şik­le­ri­ne gat­na­şan Türk­me­nis­tanyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň ag­za­la­ry şol ýag­daý­la­ry tas­syk­la­ýan degiş­li res­mi­na­ma­nyň asyl nus­ga­sy­ny tab­şyr­ýar.

Har­by luk­man­çy­lyk ug­ru­na oku­wa gir­mä­ge is­leg bil­di­ren dalaş­gär ýo­kar­da gör­ke­zi­len res­mi iş ka­gyz­la­ryn­dan baş­ga-da:

— ene-ata­sy­nyň og­lu­nyň har­by gul­luk­çy bol­ma­gy­na we ýoka­ry okuw mek­de­bi­ni ta­mam­la­nyn­dan soň, Türk­me­nis­ta­nyň islen­dik kün­je­gin­de har­by gul­lu­gy geç­mek­li­gi­ne ra­zy­ly­gy ba­ra­da­ky dil ha­ty­ny,

— Türk­me­nis­ta­nyň Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Ha­bar be­riş mer­kezin­den ber­len gü­wä­na­ma­ny,

— Türk­me­nis­ta­nyň Go­ran­mak mi­nistr­li­gi­niň Mer­ke­zi har­by sag­lyk öýün­den ber­len ýo­ka­ry har­by okuw mek­dep­le­ri­ne gir­ýänle­riň luk­man­çy­lyk gü­wä geç­me­si­niň kar­ta­sy­ny tab­şyr­ýar.

Türk­me­nis­ta­nyň Go­ran­mak mi­nistr­li­gi­niň Mer­ke­zi har­by saglyk öýün­de gu­tar­nyk­ly gü­wä geç­me­sin­den geç­mek üçin he­mi­şelik ýa­şa­ýan ýe­rin­dä­ki psiho­new­ro­lo­gi­ýa, nar­ko­lo­gi­ýa, in­çe­ke­sele gar­şy we de­ri-we­ne­ro­lo­gi­ýa has­sa­ha­na­la­ryn­dan, şeý­le hem maş­ga­la luk­ma­nyn­dan sa­gal­dyş gö­zeg­çi­li­gin­de dur­ma­ýan­dy­gy ba­ra­da­ky ke­pil­na­ma­lar ze­rur.

Har­by luk­man­çy­lyk ug­ru­na oku­wa ka­bul et­mek­li­giň şert­le­ri ba­ra­da­ky goş­ma­ça mag­lu­ma­ty My­rat Gar­ry­ýew adyn­da­ky Türkme­nis­ta­nyň Döw­let luk­man­çy­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ka­bul ediş to­paryn­dan alyp bo­lar.

Bu­lar­dan baş­ga-da, oku­wa gir­mä­ge is­leg bil­dir­ýän­ler ýo­karda gör­ke­zi­len res­mi­na­ma­lar bi­len bir­lik­de res­mi­na­ma­la­ry ka­bul ed­ýän iş to­pa­ry­na aşak­da­ky­la­ry gör­kez­ýär­ler we nus­ga­la­ry­ny tab­şyr­ýar­lar:

— şah­sy pas­por­ty­ny;

— Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­rin­de har­by gul­lu­gy geçen­ler har­by şa­ha­dat­na­ma­sy­ny, har­by gul­lu­gy geç­me­dik ýi­git­ler ýa­zy­lyş şa­ha­dat­na­ma­sy­ny we ýa­şa­ýan ýe­ri bo­ýun­ça har­by wekil­lik­den gü­wä­ha­ty­ny.

Da­laş­gär ta­lyp­ly­ga ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kuk­dan peýda­lan­ýan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýan beý­le­ki res­mi­na­ma­la­ry gör­ke­zip bi­ler.

Ka­bul ediş to­pa­ry ze­rur bo­lan ýag­da­ýyn­da da­laş­gär ba­ra­da goş­ma­ça mag­lu­mat­la­ry ta­lap edip bi­ler.

Nä­dog­ry ber­len mag­lu­mat­lar we res­mi iş ka­gyz­la­ry üçin dalaş­gär şah­sy jo­gap­kär­çi­lik çek­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry we oku­wa ka­bul edil­mek uni­wer­si­tet­de (Aş­ga­bat şä­he­ri) aşak­da­ky möh­let­ler­de ge­çi­ril­ýär:

Le­bap we­la­ýa­ty — iýul aýy­nyň 22-23-i, 26-sy we 28-i gün­le­ri;

Aş­ga­bat şä­he­ri — iýul aýy­nyň 24-25-i, 27-si we 28-i gün­le­ri;

Ma­ry we­la­ýa­ty — iýul aýy­nyň 29-30-y, aw­gust aýy­nyň 2-si we 4-i gün­le­ri;

Bal­kan we­la­ýa­ty — iýul aýy­nyň 31-i, aw­gust aýy­nyň 1-i, 3-i we 4-i gün­le­ri;

Da­şo­guz we­la­ýa­ty — aw­gust aýy­nyň 5-6-sy, 9-y we 11-i gün­le­ri;

Ahal we­la­ýa­ty — aw­gust aýy­nyň 7-8-i, 10-y we 11-i gün­le­ri.

Gi­riş sy­nag­la­ry hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ma­gyň äh­li hü­när­le­ri bo­ýun­ça bio­lo­gi­ýa, hi­mi­ýa, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy ders­le­rin­den ge­çi­ril­ýär.

Ders­ler bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň or­ta mekdep­le­ri­niň okuw mak­sat­na­ma­la­ry­nyň esa­syn­da ge­çi­ril­ýär.

Ders­ler bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry döw­let di­lin­de dil­den ge­çi­ril­ýär.

Har­by luk­man­çy­lyk ug­ru­na oku­wa gir­mä­ge is­leg bil­di­ren dalaş­gär­ler be­den taý­ýar­ly­gy bo­ýun­ça nor­ma­tiw­le­ri (möç­ber­nama­la­ry) (100 m yl­ga­mak, göw­rä­ňi çek­mek, 3 km yl­gaw) ýe­ri­ne ýe­tir­ýär­ler.

Ýaş­la­ryň saý­lap alan hü­nä­ri­ne dur­nuk­ly­dy­gy­ny kes­git­le­mek mak­sa­dy bi­len, olar pa­to­lo­goa­na­to­mi­ki eda­ra­sy­nyň işi bi­len tanyş­dy­ry­lar.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ter­ti­bin­de bel­le­nen wagt­da sy­na­ga esas­syz se­bäp­le­re gö­rä ge­lip bil­me­dik­ler ýa-da ders­le­riň bi­ri bo­ýun­ça synag­dan ge­çip bil­me­dik­ler on­dan soň­ky sy­nag­la­ra goý­be­ril­me­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça deň muk­dar­da ba­ha alan­lar­dan ta­lyp­ly­ga ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kuk­da­n a­şak­da gör­ke­zi­len­ler peý­da­lan­ýar­lar:

— luk­man­çy­lyk mek­dep­le­ri­ni ta­mam­lan we sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­la­ryn­da 2 ýyl­dan az bol­ma­dyk iş tej­ri­be­si bar bo­lan­lar;

— ça­gy­ryş bo­ýun­ça har­by gul­lu­gy ge­çen­ler.

My­rat Gar­ry­ýew adyn­da­ky Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let luk­man­çy­lyk uni­wer­si­te­ti­niň sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş., A.Gow­şu­dow kö­çe­si, 58; tel.: 92-71-09

IŇ TÄZE HABARLAR

Russiýa halkara uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Koronowirus pandemiýasy sebäpli, ara düşen uzak arakesmeden soňra, Russiýa Federasiýasy awiagatnawlary amala aşyrýan döwletleriniň sanawyny köpeltmekçi. Metbugat maglumatlaryna görä, 1-nji sentýabrdan başlap, Gazagystan, Täjigistan...

Pareho “Wilýareala” geçdi

Ispaniýanyň “La Liga” çempionatynda çykyş edýän “Wilýareal’ topary Frensis Koklendan soňra “Walensiýa” toparynyň kapitany bolan Dani Parehony öz düzümine goşdy. Pareho topar bilen 4...

Matuidi Amerika barýar

Italiýanyň “Ýuwentus” toparynyň ýarymgoragçy Bleýz Matuidi bilen şertnamasynyň tamamlanandygy mälim edildi. Taraplar özara ylalaşyk esasynda şertnamany bes etdiler. Fransuz raýaty 2017-nji ýyldan bäri “Ýuwentus”-da çykyş...

Lihtştaýner futboly taşlady

Şweýsariýa futbol federasiýasynyň resmi web sahypasyda “Ýuwentusyň” we “Arsenalyň” öňki goragçysy Ştefan Lihtştaýner özüniň futbol ýoluny tamamlandygyny habar berdi. “Eziz janköýerlerim üçin şu wagta çenli...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Iň gowy futbolçy baýragynyň dalaşgärleri

"Iňlis Premýer-ligasynda 2019-2020 möwsüminiň iň gowy oýunçysy" baýragyna dalaşgärler yglan edildi. “Premýer Liganyň” möwsümiň oýunçysynyň dalaşgärlerini yglan etdi. 7 oýunçydan bolan dalaşgärleriň sanawynda 30...

Çempionlar ligasynda gyzykly oýunlar garaşýar

17-nji martda koronawirus sebäpli togtadylyp, awgust aýyndan täzeden bat alan Çempionlar ligasynyň duşuşyklarynyň netijeleri boýunça çärýek finala çykan toparlar belli boldy. Bilşimiz ýaly, şenbe güni...

Jemagat töleglerini poçta bölümlerinde töläň!

Türkmenistanlylar mundan beýläk elektrik, suw, gaz üpjünçiligi, ýyladyş we zibil aýyrmak ýaly jemagat töleglerini «Türkmenpoçtanyň» ýerlerdäki bölümlerine baryp töläp bilerler. Bu barada kompaniýanyň resmi...

NBA-da Donçiçdan täze rekord

NBA çempionatynyň adaty möwsüminde “Dallas” basketbol topary “Miluoki”toparyny ýeňdi. Duşuşyk 136:132 hasaby bilen tamamlandy. “Dallasyň” lideri Luka Donçiç 36 utuk we 19 asisty bilen üç...