No menu items!
8.9 C
Istanbul
13/08/2020 15:11
No menu items!
Home BILIM Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi

Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi

2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

  1. Buh­gal­ter­çi­lik ha­sa­ba al­ny­şy.
  2. Ma­li­ýe we karz.
  3. Yk­dy­sa­dy­ýet we me­ýil­na­malaş­dy­ryş.
  4. Sal­gyt­lar we sal­gyt sal­mak.
  5. Bank iş­le­ri­ni prog­ram­mir­lemek.

Ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy or­ta hü­när okuw mek­de­bi­ne Le­bap we­la­ýa­tyn­da he­mişe­lik ýa­şa­ýan umu­my or­ta bi­lim­li, ýa­şy 35-den geç­me­dik Türk­me­nis­ta­nyň raýat­la­ry gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri boýun­ça bäs­le­şik esa­syn­da ka­bul edil­ýär.

Oku­wyň möh­le­ti 2 ýyl we tö­leg­li.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry Türk­me­na­bat şä­he­rin­de 2020-nji ýy­lyň 6-njy iýu­ly — 8-nji aw­gus­ty ara­ly­gyn­da ka­bul edil­ýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry­nyň sa­na­wy:

— bel­le­ni­len nus­ga­da di­rek­to­ryň ady­na ýa­zy­lan ar­za;

— bel­le­ni­len nus­ga­da­ky so­wal­na­ma (an­ke­ta);

— umu­my or­ta bi­lim ba­ra­da res­mina­ma­nyň asyl nus­ga­sy;

— Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­raýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi tara­pyn­dan bel­le­ni­len nus­ga­da­ky sag­lyk ke­pil­na­ma­sy;

— soň­ky okan ýe­rin­den (iş­län ýe­rinden, har­by bö­lüm­den) hä­si­ýet­na­ma;

— bel­le­ni­len nus­ga bo­ýun­ça okuw üçin tö­le­gi öz wag­tyn­da amal et­me­giň ke­pil ha­ty;

— 3×4 sm öl­çeg­dä­ki se­kiz sa­ny foto­su­rat;

— iş­le­ýän­ler üçin zäh­met dep­der­çesi­niň tas­syk­la­nan gö­çür­me­si;

— gi­riş sy­nag­la­ryn­dan üs­tün­lik­li ge­çen ýag­da­ýyn­da ar­tyk­maç­lyk­lar­dan peý­da­lan­ýan oku­wa gir­ýän ýy­lyn­da mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň ders­ler boýun­ça döw­let bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri, umu­my­bi­lim ders­le­ri bo­ýun­ça hal­ka­ra bäs­le­şik­le­ri­ne gat­na­şan Türk­me­nis­tanyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň ag­za­la­ry şol ýag­daý­la­ry tas­syk­la­ýan de­giş­li res­mina­ma­nyň asyl nus­ga­sy­ny tab­şyr­ýarlar.

Bu­lar­dan baş­ga-da, oku­wa gir­mäge is­leg bil­dir­ýän­ler ýo­kar­da gör­ke­zi­len res­mi­na­ma­lar bi­len bir­lik­de res­mi­nama­la­ry ka­bul ed­ýän iş to­pa­ry­na aşakda­ky­la­ry gör­kez­ýär­ler we nus­ga­la­ry­ny tab­şyr­ýar­lar:

— şah­sy pas­por­ty­ny;

— Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­lerin­de har­by gul­lu­gy ge­çen­ler har­by şaha­dat­na­ma­sy­ny, har­by gul­lu­gy geç­medik ýi­git­ler ýa­zy­lyş şa­ha­dat­na­ma­sy­ny we ýa­şa­ýan ýe­ri bo­ýun­ça har­by we­killik­den gü­wä­ha­ty­ny.

Da­laş­gär ta­lyp­ly­ga ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kuk­dan peý­da­lan­ýandy­gy­ny tas­syk­la­ýan beý­le­ki res­mi­nama­la­ry gör­ke­zip bi­ler.

Nä­dog­ry ber­len mag­lu­mat­lar we resmi iş ka­gyz­la­ry üçin da­laş­gär şah­sy jogap­kär­çi­lik çek­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry we oku­wa ka­bul edil­mek 2020-nji ýy­lyň aw­gust aýy­nyň 11-12-si, 14-i we 15-i gün­le­rin­de Le­bap we­la­ýat ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy or­ta hü­när okuw mek­de­bin­de (Türk­me­na­bat ş.) ge­çi­ril­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry äh­li hü­när­ler boýun­ça ma­te­ma­ti­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy, jem­gy­ýe­ti öw­re­niş ders­le­rin­den ge­çi­ril­ýär.

Ders­ler bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň or­ta mek­dep­le­ri­niň okuw mak­sat­na­ma­la­ry­nyň esa­syn­da ge­çi­ril­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry döw­let di­lin­de dil­den ge­çi­ril­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ter­ti­bin­de belle­nen wagt­da sy­na­ga esas­syz sebäp­le­re gö­rä ge­lip bil­me­dik­ler ýa-da ders­le­riň bi­ri bo­ýun­ça sy­nag­dan ge­çip bil­me­dik­ler soň­ky sy­nag­la­ra goý­be­rilme­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça deň muk­dar­da ba­ha alan­lar­dan ta­lyply­ga ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kuk­dan aşak­da gör­ke­zi­len­ler peýda­lan­ýar­lar:

— saý­lan hü­nä­ri bo­ýun­ça 2 ýyl­dan az bol­ma­dyk iş tej­ri­be­si bo­lan­lar;

— ça­gy­ryş bo­ýun­ça har­by gul­lu­gy ge­çen­ler.

Le­bap we­la­ýat ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy or­ta hü­när okuw mek­de­bi­niň sal­gy­sy: Türk­me­na­bat ş., Gur­ban­sol­tan eje kö­çe­si, 22, tel.: 3-99-65, 3-99-68.

IŇ TÄZE HABARLAR

“Skoda”-nyň täze ulagy

Ýakynda käbir maglumatlary bilen tanyşdyrylan «Skoda Enyaq» awtoulagy daşky dizaýny bilen hemmeleriň ünsüni özüne çekýär. Bu awtoulag kompaniýanyň 1-nji sentýabrda tanyşdyrmak isleýän ilkinji elektrik...

Russiýa halkara uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Koronowirus pandemiýasy sebäpli, ara düşen uzak arakesmeden soňra, Russiýa Federasiýasy awiagatnawlary amala aşyrýan döwletleriniň sanawyny köpeltmekçi. Metbugat maglumatlaryna görä, 1-nji sentýabrdan başlap, Gazagystan, Täjigistan...

Pareho “Wilýareala” geçdi

Ispaniýanyň “La Liga” çempionatynda çykyş edýän “Wilýareal’ topary Frensis Koklendan soňra “Walensiýa” toparynyň kapitany bolan Dani Parehony öz düzümine goşdy. Pareho topar bilen 4...

Matuidi Amerika barýar

Italiýanyň “Ýuwentus” toparynyň ýarymgoragçy Bleýz Matuidi bilen şertnamasynyň tamamlanandygy mälim edildi. Taraplar özara ylalaşyk esasynda şertnamany bes etdiler. Fransuz raýaty 2017-nji ýyldan bäri “Ýuwentus”-da çykyş...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Täze neşir çapdan çykdy

Ýakynda lukmançylyk ylymlarynyň doktory Remezan Joraýewiň «Kämil perzendiň terbiýesi» atly täze kitaby çap edildi. Bu ylmy-populýar neşirde çaga terbiýesiniň ylmy-ynsanperwer esaslary barada durlup geçilýär. «Mugallymlar gazeti» gazetiniň...

Halypa şahyrymyz Amangözel Şagulyýewa!

Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi halypa şahyrymyz Amangözel Şagulyýewanyň 80 ýaşyňyzyň dolmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Halypa şahyrymyzyň  soňky...

Iň gowy Jeýms Bond

«Radio Times» atly hepdelik neşiri Jeýms Bonduň keşbini iň gowy ýerine ýetirne aktýor baradaky ses berlişigi geçirdi. Oňa 14 müňden gowrak adam gatnaşdy. Agent 007...

Jemagat töleglerini poçta bölümlerinde töläň!

Türkmenistanlylar mundan beýläk elektrik, suw, gaz üpjünçiligi, ýyladyş we zibil aýyrmak ýaly jemagat töleglerini «Türkmenpoçtanyň» ýerlerdäki bölümlerine baryp töläp bilerler. Bu barada kompaniýanyň resmi...