No menu items!
8.9 C
Istanbul
13/08/2020 13:47
No menu items!
Home BILIM Ahal welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi

Ahal welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi

2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

  1.  Buh­gal­ter­çi­lik ha­sa­ba al­ny­şy.
  2.  Ma­li­ýe we karz.
  3. Yk­dy­sa­dy­ýet we me­ýil­na­malaş­dy­ryş.
  4. Yk­dy­sa­dy­ýet we ho­ja­lyk hu­kugy.
  5. Sta­tis­ti­ka.
  6. Yk­dy­sa­dy­ýet we san­ly mag­lumat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry.

Ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy or­ta hü­när okuw mek­de­bi­ne Ahal we­la­ýa­tyn­da he­mi­şe­lik ýa­şa­ýan umu­my or­ta bi­lim­li, ýa­şy 35den geç­me­dik Türk­me­nis­ta­nyň ra­ýat­lary gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça bäs­le­şik esa­syn­da ka­bul edil­ýär.

Oku­wyň möh­le­ti 2 ýyl we tö­leg­li.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry Ahal we­la­ýa­tynyň Gök­de­pe şä­he­rin­de 2020-nji ýy­lyň 6-njy iýu­ly — 8-nji aw­gus­ty ara­ly­gyn­da ka­bul edil­ýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry­nyň sa­na­wy:

— bel­le­ni­len nus­ga­da di­rek­to­ryň ady­na ýa­zy­lan ar­za;

— bel­le­ni­len nus­ga­da­ky so­wal­na­ma (an­ke­ta);

— umu­my or­ta bi­lim ba­ra­da res­mina­ma­nyň asyl nus­ga­sy;

— Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­raýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi tara­pyn­dan bel­le­ni­len nus­ga­da­ky sag­lyk ke­pil­na­ma­sy;

— soň­ky okan ýe­rin­den (iş­län ýe­rinden, har­by bö­lüm­den) hä­si­ýet­na­ma;

— bel­le­ni­len nus­ga bo­ýun­ça okuw üçin tö­le­gi öz wag­tyn­da amal et­me­giň ke­pil ha­ty;

— 3×4 sm öl­çeg­dä­ki se­kiz sa­ny foto­su­rat;

— iş­le­ýän­ler üçin zäh­met dep­der­çesi­niň tas­syk­la­nan gö­çür­me­si;

— gi­riş sy­nag­la­ryn­dan üs­tün­lik­li geçen ýag­da­ýyn­da ar­tyk­maç­lyk­lar­dan peý­da­lan­ýan oku­wa gir­ýän ýy­lyn­da mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň ders­ler bo­ýunça döw­let bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri, umumy­bi­lim ders­le­ri bo­ýun­ça hal­ka­ra bäsle­şik­le­ri­ne gat­na­şan Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň ag­za­la­ry şol ýagdaý­la­ry tas­syk­la­ýan de­giş­li res­mi­na­manyň asyl nus­ga­sy­ny tab­şyr­ýar­lar.

Bu­lar­dan baş­ga-da, oku­wa gir­mäge is­leg bil­dir­ýän­ler ýo­kar­da gör­ke­zi­len res­mi­na­ma­lar bi­len bir­lik­de res­mi­nama­la­ry ka­bul ed­ýän iş to­pa­ry­na aşakda­ky­la­ry gör­kez­ýär­ler we nus­ga­la­ry­ny tab­şyr­ýar­lar:

— şah­sy pas­por­ty­ny;

— Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­lerin­de har­by gul­lu­gy ge­çen­ler har­by şaha­dat­na­ma­sy­ny, har­by gul­lu­gy geç­medik ýi­git­ler ýa­zy­lyş şa­ha­dat­na­ma­sy­ny we ýa­şa­ýan ýe­ri bo­ýun­ça har­by we­killik­den gü­wä­ha­ty­ny.

Da­laş­gär ta­lyp­ly­ga ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kuk­dan peý­da­lan­ýandy­gy­ny tas­syk­la­ýan beý­le­ki res­mi­nama­la­ry gör­ke­zip bi­ler.

Nä­dog­ry ber­len mag­lu­mat­lar we resmi iş ka­gyz­la­ry üçin da­laş­gär şah­sy jogap­kär­çi­lik çek­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry we oku­wa ka­bul edil­mek 2020-nji ýy­lyň aw­gust aýy­nyň 11-12-si, 14-i we 15-i gün­le­rin­de Türkmen döw­let yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş ins­ti­tu­tyn­da (Aş­ga­bat ş.) ge­çi­ril­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry äh­li hü­när­ler boýun­ça ma­te­ma­ti­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy, jem­gy­ýe­ti öw­re­niş ders­le­rin­den ge­çi­ril­ýär.

Ders­ler bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň or­ta mek­dep­le­ri­niň okuw mak­sat­na­ma­la­ry­nyň esa­syn­da ge­çi­ril­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry döw­let di­lin­de dil­den ge­çi­ril­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ter­ti­bin­de bel­lenen wagt­da sy­na­ga esas­syz se­bäp­le­re gö­rä ge­lip bil­me­dik­ler ýa-da ders­le­riň bi­ri bo­ýun­ça sy­nag­dan ge­çip bil­me­dik­ler ondan soň­ky sy­nag­la­ra goý­be­ril­me­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça deň muk­dar­da ba­ha alan­lar­dan ta­lyply­ga ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kuk­dan aşak­da gör­ke­zi­len­ler peýda­lan­ýar­lar:

— saý­lan hü­nä­ri bo­ýun­ça 2 ýyl­dan az bol­ma­dyk iş tej­ri­be­si bo­lan­lar;

— ça­gy­ryş bo­ýun­ça har­by gul­lu­gy ge­çen­ler.

Ahal we­la­ýat ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy or­ta hü­när okuw mek­de­bi­niň sal­gy­sy: Ahal we­la­ýa­ty, Gök­de­pe ş., A.An­na­ny­ýa­zow kö­çe­si, 89, tel.: 4-70-61, 4-70-62.

Türk­men döw­let yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş ins­ti­tu­ty­nyň sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş., 1972-nji (Ata­türk) kö­çe, 73.

IŇ TÄZE HABARLAR

Pareho “Wilýareala” geçdi

Ispaniýanyň “La Liga” çempionatynda çykyş edýän “Wilýareal’ topary Frensis Koklendan soňra “Walensiýa” toparynyň kapitany bolan Dani Parehony öz düzümine goşdy. Pareho topar bilen 4...

Matuidi Amerika barýar

Italiýanyň “Ýuwentus” toparynyň ýarymgoragçy Bleýz Matuidi bilen şertnamasynyň tamamlanandygy mälim edildi. Taraplar özara ylalaşyk esasynda şertnamany bes etdiler. Fransuz raýaty 2017-nji ýyldan bäri “Ýuwentus”-da çykyş...

Lihtştaýner futboly taşlady

Şweýsariýa futbol federasiýasynyň resmi web sahypasyda “Ýuwentusyň” we “Arsenalyň” öňki goragçysy Ştefan Lihtştaýner özüniň futbol ýoluny tamamlandygyny habar berdi. “Eziz janköýerlerim üçin şu wagta çenli...

Ýol hereketine gözegçiligi talaba laýyk guramak tabşyryldy

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 12-nji awgustda geçirilen mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow içeri işler ministri M.Çakyýewiň ünsüni ýol-gözegçilik gullugynyň alyp barýan işlerine çekdi. Döwlet Baştutany ministrligiň ähli...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Состоялась встреча министров иностранных дел Центральной Азии и Японии

11 августа 2020 года в формате видеоконференции состоялось совещание министров иностранных дел Диалога «Центральная Азия+Япония». На встрече, которая прошла под эгидой МИД Японии, приняли участие...

Türkiýede orta mektepleriň başlaýan wagty belli boldy

Türkiýäniň Milli  Bilim ministri Ziýa Selçuk orta mektepleriň başlaýan wagtyny yglan etti. Ministr Selçukyň sözlerine görä orta mektepler Türkiýede  31 awgust 2020 senesinde onlaýn...

«Mekan» türkmen talyplary üçin gezelenç gurady

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde 2003-nji ýylda döredilen Türkmen medeniýetiniň «Mekan» jemgyýeti her ýylky däbine eýerip, şäherde okaýan türkmenistanly talyplar üçin gezelençleri guraýar. Şu gezekki gezelenç...

NBA-da Donçiçdan täze rekord

NBA çempionatynyň adaty möwsüminde “Dallas” basketbol topary “Miluoki”toparyny ýeňdi. Duşuşyk 136:132 hasaby bilen tamamlandy. “Dallasyň” lideri Luka Donçiç 36 utuk we 19 asisty bilen üç...