TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Bilim – ösüşleriň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň jemgyýetçilik gatnaşyklarynda bilim esasy orun eýeleýär. Bilimiň kämilleşmegi, döwrebaplaşmagy jemgyýetiň ösüşini ygtybarly kepillendirýär. Şonuň bilen baglylykda, eziz Diýarymyzyň bilim edaralaryna uly jogapkärçilik degişlidir.

Ýurdumyzda jemgyýetiň hemmetaraplaýyn ösmegi, adamlaryň ýaşaýy-durmuşynyň mundan beýläk hem gowulanmagy üçin giň mümkinçilikler döredilip, möhüm maksatnamalar durmuşa geçirilýär.

Diýarymyzda bilim ulgamynyň sanly giňişligi döredilende dünýäniň ösen tehnologiýalaryny ornaşdyrmak meselesine aýratyn ähmiýet berilýär. Mekdeplerde sanly bilim ulgamyny ulanyp, kitaplaryň elektron görnüşinden peýdalanmak, kompýuteriň kömegi bilen sowalnamalary almak, mekdepler bilen elektron okuwlaryny ýola goýmak işleri internet hyzmatlarynyň giňişleýin ulanylýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Sanly bilim ulgamy arkaly sapagy dolandyrmak, elektron resminamalaryň dolanyşygyny girizmek, elektron žurnal, elektron maglumat üpjünçiligi, bir wagtyň özünde ähli okuwçylar bilen birlikde işlemek, teleköpri arkaly sapaklary guramak işleri ýola goýuldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki döwürde ylma daýanmazdan, döwletiň hemmetaraplaýyn we durnukly ösmeginiň mümkin däldigini ýygy-ýygydan nygtaýar. Ýaşlara bilim bermek üçin türkmen dili bilen bir hatarda, başga halklaryň dillerini hem öwretmek zerurdyr. Şonuň üçin ýurdumyzda daşary ýurt dillerini — iňlis, nemes, fransuz, hindi, hytaý, arap, pars, ýapon we beýleki dünýä dillerini öwrenmäge hem giň mümkinçilikler döredildi.

Eziz Diýarymyzda öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanýan multimedia serişdeleri we habar beriş, internet ulgamy bilen üpjün edilen täze, döwrebap okuw mekdepleri yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Mugallymlaryň hünär derejesi kämilleşdirilýär. Okatmagyň häzirki zaman, has netijeli usullary durmuşa ornaşdyrylýar. Halk hojalygynyň ähli pudaklary üçin zerur bolan ugurlar boýunça täze orta hünär we ýokary okuw mekdepleri açylýar, olara kabul edilýän talyplaryň sany ýyl-ýyldan artdyrylýar. Şonuň bilen birlikde, bilim ulgamyny dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine götermekde möhüm serişdeleriň biri hökmünde bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Aýjeren Nurýagdyýewa, Gökdepe etrabynyň

3-nji orta mekdebiniň mugallymy.

 

 

«Açyk gapylar»: Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy

Ýene-de okaň

Ýaşlar we döwrebap bilim

Ata Watan Eserleri

Ahalteke bedewleri türkmen toýunyň bezegi

Sport we ýaşlar

Teswirle