BILIM

Bilim işgärleri üçin Amerikada bilimini kämilleşdirmek maksatnamasy

“Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny öwreniş institutlary” (SUSI) maksatnamasyny orta bilim işgärleri üçin 12-nji marta çenli arzalary kabul edýändigini habar berýäris! Bu ýyl bu maksatnama mekdeplerde işleýän iňlis dili mugallymlary we dil merkezlerinde işleýänler gatnaşyp bilerler.

Soraglaryňyzy AshgabatEducation@state.gov  adresine iberip bilersiňiz.

Orta bilim işgärleri üçin “ABŞ-ny öwreniş institutlary” (SUSI) maksatnamasy alymlyk derejesini bermeýän çalt depginli maksatnamadyr. Bu maksatnama orta bilim gatlagynda işleýän tejribeli mugallymlara we dolandyryjylara amerikan jemgyýetine, medeniýetine we gymmatlyklaryna, guramalaryna çuňňur göz ýetirmegi hödür edýär. Maksatnamanyň esasy maksady gatnaşyjylara orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary üçin okuw maksatnamalary işlenip düzülende ABŞ barada mowzuklary goşmak üçin maglumatlary we serişdeleri hödürlemekden ybarat bolup durýar. Gatnaşmaga isleg bildirýänler şu maglumaty göz öňünde tutmalydyrlar: mugallymlar üçin bölümiň maksady maglumat we serişdeleri hödürlemekden ybarat bolup, okatmagyň metodikalaryny ýa–da okadyş prosesine degişli bolan sapaklary öz içine almaýar.

Mugallymlar we dolandyryjylar* üçin niýetlenen bu maksatnamanyň 2021 nji ýyl tapgyry garyşyk formatda alynyp barylar. Ýagny, okuwyň birinji ýarymy, häzirki ýüze çykan saglyk, howpsyzlyk hemde syýahat kynçylyklary sebäpli 2021 nji ýylyň iýun-awgust aýlary  wirtual görnüşde geçer. Okuwyň ikinji ýarymy bolsa 2021 nji  ýylyň güýz ýa-da gyş paslynyň dowamynda iki hepdelik okuw möhleti bilen ABŞ-da geçer,  şeýle hem okuwyň anyk seneleri biraz soňra belli ediler. Anketalar 2021-nji ýylyň 12-nji martyna çenli kabul edilýär.

bit.ly/susi-educator

 

Akmuhammet Hanow: Bagtyma şaýat bolan Sungat

Ýene-de okaň

Ýapon dili boýunça okuw sapagy geçirildi

Ýapon dilinde suhangöýlük sungaty boýunça XVIII bäsleşik geçirildi

Türkmen diplomaty rumyn uniwersiteti bilen bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýda talyp hakly okamak mümkinçiligi

Eýranly professorlar tarapyndan geçirilen hünär kämilleşdiriş okuwlary geçirildi

Türkmenistan we Beýik Britaniýa bilim ulgamyndaky amaly hyzmatdaşlygy giňeldýärler