SPORT

Beýik Britaniýa futbol çempionatyny gurnamakçy

2030-njy ýylda futbol boýunça dünýä çempionatyň futbolyň watanynda geçirilmegi mümkin. Futbol boýunça dünýä çempionatyny gurnamak baradaky pikiri Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson orta atdy.

– Biziň ýurdumyz futbol çempionatyny kabul etmegi isleýär. Çempionatyň futbolyň watanynda geçirilmegi has dogry bolar – diýip, hökümet baştutany Jonson belleýär. Şeýle hem ol 2022-nji ýylda bu ugurda degişli ýüztutmanyň taýýar ediljekdigini mälim etdi.

Golaýda Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson futbol boýunça Ýewropa çempionatyny hem öz ýurdunda gurnamaklygy teklip edipdi.

Beýik Britaniýa FIFA-nyň agzasy däl. Angliýa, Şotlandiýa, Uels we Demirgazyk Irlandiýa bu guramanyň agzasy bolup durýar. Şeýle hem bilelikdäki ýüztutma Irlandiýanyň hem goşulmagy göz öňünde tutulýar. 2030-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatyny kabul etjek ýurt 2022-nji ýylda mälim ediler.

Ronaldonyň telekeçilik işleri

Ýene-de okaň

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar

Fransiýa ilkinji ýarym finalçy boldy

Messiniň çempionatda 8 goly bar, Ronaldonyň ähli dünýä çempionatlaryndaky gol sany 7

Arbeloa «Fulhemiň» baş tälimçisi boldy

Şweysariýa çärýek finalda Argentina bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri