SPORT

Belgiýa bilen Fransiýa dünýä çempionatyna gatnaşar

Katar döwletinde 2022-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň Ýewropa we beýleki yklymlardaky saýlama tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär.

Şol saýlama tapgyrynyň tamamlanmagyna ýene-de bir duşuşyk galandygyna garamazdan, ýene-de 2 ýygyndy dünýä çempionatynda çykyş etmäge hukuk gazandy. Olar Fransiýanyň we Belgiýanyň milli ýygyndylarydyr.

Fransiýanyň ýygyndysy öz meýdançasynda Gazagystany 8:0 hasabynda, Belgiýa bolsa Estoniýany 3:1 hasabynda ýeňdi.

Şeýlelikde, ozal dünýä çempionatyna gatnaşmak hukugyna eýe bolan Ýewropa yklymyndaky Germaniýa bilen Daniýadan soňra Fransiýa bilen Belgiýa hem olaryň hataryna goşuldy.

Ýewropanyň 4 ýygyndy – Germaniýa, Belgiýa, Fransiýa we Daniýa çempionata gatnaşmaga bolan hukugyny gazandy.

Günorta Amerikadan Braziliýa hem dünýä çempionatyna gatnaşjak ýygyndylaryň hataryna goşulan bolsa, Katar döwleti ýer eýesi hökmünde gatnaşýar.

Şeýlelikde, dünýä çempionaty üçin 5 ýygyndy taýýar. Beýleki hem saýlama tapgyryndan soňra belli bolar.
Ýene-de bellemeli gyzykly maglumatlaryň biri hem ýaş ýyldyz futbolçy Kilian Mbappe barada bolar. Ol 63 ýyldan soňra Fransiýanyň düzüminde bir duşuşykda 4 gol geçiren futbolçy boldy. Mbappe Gazagystanyň derwezesinden 4 pökgi girizdi.
Mundan ozal şeýle netijäni, 1958-nji ýylyň dünýä çempionatynda Fransiýa bilen Germaniýanyň arasyndaky duşuşykda Žýust Fonten tapawutlanypdy. Duşuşyk 6:3 hasabynda fransuzlaryň peýdasyna tamamlanypdy.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/ustunlik-gazanmak-isleyanlerin-hokman-okaymaly-makalasy/

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi