DÜNÝÄ

Baýden täzeden prezident bolmakçy

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden 2024-nji ýylda geçiriljek prezident saýlawlaryna gatnaşmagy meýilleşdirýär. Ol nobatdaky saýlawlara hem özüniň häzirki wise-prezidenti Kamala Harrsi bilen synanyşmagy göz öňünde tutýar. Bu barada Ak Tamyň metbugat sekretayrnyň orunbasary Karin Žan-Pýer gündelik metbugat ýygnagynda habar berdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden ýurduň 46-njy Prezidentidir. Ol ýurduň ozalky Prezidenti Barak Obamanyň döwründe wise-prezident wezipesini amala aşyrdy.

Ol 2020-nji ýylda geçirilen prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy. ABŞ-nyň 45-nji Prezidenti Donald Trampdan öňe saýlandy. Şeýlelikde, Baýden 2021-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda kasam kabul edip, resmi taýdan wezipesine girişdi.

Ol 78 ýaşynda prezident bolup, ýurduň iň ýaşuly döwlet baştutanlarynyň hem-de Delawer ştatyndan saýlanan ilkinji Prezident boldy.

 

“Demirýollary”: ýük daşamak hyzmatynda täzelik

Related posts

Eýranda çendenaşa yssy howa sebäpli 2 gün dynç alyş yglan edildi

Taryhda şu gün: 18-nji iýun

Türkmenistan Halkara hukugyň ýylyny geçirmäge taýýarlyk görýär