SPORT

“Bawariýa” bassyr 10-njy çempionlygyny gazandy

Germaniýanyň futbol çempionatynda çempion belli boldy. Bu topar bassyr, ýagny yzly-yzyna 10-njy gezek çempion bolmagy başardy. “Bawariýa” topary 10-njy gezek yzly-yzyna çempion bolmak bilen, Ýewropanyň öňdebaryjy 5 milli çempionatynyň rekordyny goýdy.

Ýulian Nagelsmannyň topary ýurduň çempionatynyň 31-nji tapgyrynda özüniň esasy bäsdeşi “Borussiýa Dortmund” toparyny 3:1 hasabynda ýeňip, çempionatyň tamamlanmagyna birnäçe hepde galanda çempionlygyny yglan etdi.

“Bawariýa” topary bassyr 10-njy, öz taryhyndaky 32-nji çempionlygyny gazandy.

Germaniýanyň milli çempionatynda “Nýunberg” toparynyň 9, “Borussiýa Dortmund” toparynyň 8 çempionlygy bar.

“Bawariýa” topary 10-njy gezek yzly-yzyna çempion bolmak bilen, Ýewropanyň öňdebaryjy 5 milli çempionatynyň rekordyny goýdy. Toparyň baýry futbolçylaryndan Tomas Mýuller “Bawariýa” topary bilen rekord derejede çempion bolmagy başardy.

 

 

Türkmenistan we Beýik Britaniýa: önjeýli hyzmatdaşlygyň 30 ýyly

Ýene-de okaň

«Arkadag» topary «Al-Haldiýa» toparyny kabul eder

Türkmen türgeni 40 müň manat möçberinde pul baýragy bilen sylaglandy

Boks gijesi: Entoni Joşua bloger Jeýk Poly ýeňdi

Ata Watan Eserleri

Messi bilen Ýamal duşuşar

Türkmenistanly zenan emin halkara ýaryşynyň finalynda eminlik etdi

“PSŽ” topary Yklymara kubogyny gazandy