SPORT

“Barselona”-nyň taryhynda ilkinji gezek: Stadionyň ady üýtgedildi

Ispaniýanyň “Barselona” topary  ​​täze hemaýatkärlik şertnamasy esasynda stadionyň adynyň üýtgedilendigini habar berdi.

Ispaniýanyň “La Liga” milli futbol çempionatynyň wekillerinden “Barselona” topary “Spotify” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekişdi. Şwesiýanyň aýdym-saz we striming hyzmaty indiki möwsümden klubyň baş hemaýatkäri bolar. Ylalaşyk dört ýyl dowam edýär.

Bu täze hyzmatdaşlygyň çäginde, “Spotify” kompaniýasynyň 2022/23 möwsüminden başlap, öňümizdäki 4 möwsümde erkek we zenan ýygyndy toparlaryň futbol köýnekçelerinde nyşany ýerleşdiriler.

“Spotify” kompaniýasy, şeýle hem 2022/23 möwsüminden başlap, üç möwsüm üçin toparlaryň türgenleşik köýnekçelerinde hem nyşanyny goýar.

Hyzmatdaşlygyň bir bölegi hökmünde klubyň taryhynda ilkinji gezek stadionyň ady “Spotify Camp Nou” adyny alar.

 

UEFA Çempionlar ligasy: Messiden soňra Ronaldo hem şowsuzlyga uçrady

Ýene-de okaň

Robert Lewandowskiniň «Kamp Nou» stadionynda «Barselona» bilen hoşlaşygy

Habi Alonso «Çelsi» toparynyň baş tälimçisi boldy

“Zenit” topary 11-nji gezek Russiýanyň çempiony boldy

«Gamba» topary AFK-nyň Çempionlar ligasy-2-niň kubogyny gazandy

«Seltik» toparynyň 56-njy rekord çempionlygy

«Mançester Siti» topary Angliýanyň Kubogyny gazandy