Ispaniýanyň “Barselona” topary şu möwsümde özüniň düzümini güýçlendirmek üçin täze futbolçylary satyn almagy meýilleşdirýär. Munuň üin topar 200 million ýewro sarp etmegi meýilleşdirýär.
“Marca” neşiriniň habaryna görä, katalonlar tomus möwsüminde düzümini güýçlendirer. Topar özüniň teleýaýlym hukularynyň 10 göterimini Amerikanyň “Sixth Street” kompaniýasyna 207,5 million ýewro satdy. Bu serişdeler täze futbolçylaryň satyn alynmagyna gönükdiriler.
Şeýle hem topary teleýaýlym hukuklarynyň 15 göterimini 400 million ýewro başga bir kompaniýa satmagy meýilleşdirýär.
Topar şu möwsümde “Bawariýa” toparyndan Robert Lewandowskini, “Sewilýa” toparyndan Žulýa Kundeni, “Mançester Siti” toparyndan Bernardo Silwany we “Lids” toparyndan Rafinýony satyn almagy göz öňünde tutýar.
