JEMGYÝET

Balkan atçylyk sport toplumynyň çapuw ýodasy täzelener

Balkan atçylyk sport toplumynyň çapuw ýodasynyň durky täzelener. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde bellenilip geçildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, geljek ýylda Türkmen bedewiniň milli baýramy Balkan atçylyk sport toplumynda geçiriler. “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň garamagyndaky Balkan atçylyk sport toplumynda abatlaýyş işlerini geçirmek babatda “Berk ýol” hojalyk jemgyýeti bilen degişli işler geçirilip, bu işleri 2022-njiň aprel aýynda tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi Balkan atçylyk sport toplumynyň çapuw ýodasynyň durky täzelemek boýunça şertnama baglaşar. Bu işleri 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda başlap, ony 2022-nji ýylyň aprel aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär.

 

Abu-Dabiniň Ösüş Gaznasy Türkmenistanda täze taslamalary maliýeleşdirer

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Katar Döwletine sapary

Derýa Soýsal: türkmen dili – medeni gymmatlyk we siwilizasiýalaryň arasynda strategik köpri

Ata Watan Eserleri

“Terra-News”: Makul Sözlük Rus metbugatynda

Ata Watan Eserleri

“Vestiabad”: Makul Sözlük Türkmen metbugatynda

“UssatNews”: Makul Sözlük Türkmen metbugatynda

Ata Watan Eserleri

TMCARS: Makul Sözlük Türkmen metbugatynda

Ata Watan Eserleri