JEMGYÝET

Bahar Seýidowa medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer wezipesine bellendi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek hem-de wezipeden boşatmak meselelerine hem garaldy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mährijemal Mämmedowany eýeleýän wezipesinden boşatdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesine Türkmenistanyň Mejlisiniň  Ylym, bilim, medeniýet  we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy Bahar Seýidowa bellendi.

 

 

Related posts

Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

BAE-niň ilçisi: BAE Türkmenistanyň iň uly dördünji söwda hyzmatdaşy

Ata Watan Eserleri

Pakistan Devlet Başkanından kutlama mesajı

vepa