BIZNES

«Tesla» sargytlara ýetişenok

«Tesla» kompaniýasynyň «Model S» we «Model X» kysymly awtoulaglarynyň bahasy şu ýylyň iýul aýynda ozalkysyndan 5 müň dollar, awgustda-da ýene şonça gymmatlady.

Şeýlelikde, kompaniýanyň awtoulaglary geçen ýylyň degişli aýlaryndakydan 20 müň dollar çemesi gymmat bahadan satyldy. Bu bolsa, ulaglaryň bahasynyň 45 müň dollardan hem geçendigini görkezýär.

Bahalaryň gymmatlaýandygyna garamazdan, Ýer ýüzünde kompaniýanyň awtoulaglaryna bolan gyzyklanma peselmeýär. Meselem, siz häzir bir ulag sargyt etseňiz, bu sargydyňyz diňe 2022-nji ýyyň maý aýynda bitiriler. Çünki «Teslada» sargytlaryň uzyn hatary emel geldi. Hatda önümçiligiň ýokary depgini hem olary wagtynda kanagatlandyrmak üçin ýeterlik bolanok.

Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumy gurulýar

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder