DÜNÝÄ

Azerbaýjanyň Prezidenti Aşgabada geldi

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatda Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammiti geçirilýär. Bu sammite gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Aşgabada geldi.

Prezident Ilham Aliýewi Aşgabadyň halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow garşy aldy.

Hazar sammitiniň wakalaryny dünýä jemgyýetçiligine gyzgyny bilen ýetirmek üçin paýtagtymyz Aşgabatdaky “Arçabil” myhmanhanasynda ýerli we daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin metbugat merkezi döredildi.

Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň taryhy ähmiýetli I sammitinden 20 ýyl soň geçirilýän Hazar “bäşliginiň” ikinji Aşgabat duşuşygy kenarýaka ýurtlaryň we olaryň doganlyk halklarynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim bolar.

Ýene-de okaň

Özbegistan bilen Lebap welaýaty senagat hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Täjigistanda türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi

Koreýa Respublikasy Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

29-njy martda geçiriljek saýlawlarda saýlaw uçastoklarynyň 578-si hereket eder

Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynda Aýatolla Hameneýi üçin gynanç kitaby açyldy