TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Azerbaýjan-ÝB: energetika ulgamynda täze ylalaşyk

Ýewropa Komissiýanyň ýolbaşçysy Ursulan Fon der Lýaýen Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde saparda bolýar. Ol saparynyň çäklerinde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy.

Gepeşikleriň jemleri boýunça Azerbaýjan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda energetika pudagynda strategik hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekildi.

Bu möhüm resminama Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen Ýewropa Komissiýanyň ýolbaşçysy Ursulan Fon der Lýaýen tarapyndan gol çekildi.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş eden Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Ýewropa Bileleşigi bilen energetika ulgamynda 15 ýyllyk hyzmatdaşlyk taryhynyň bardygyny belledi.

Gol çekilen möhüm resminamanyň Azerbaýjan bilen ÝB-niň arasyndaky ilkinji resminama bolup durmaýandygyny bellän Aliýew 2006-njy ýylda şeýle mazmunly ylalaşyga gol çekilendigini, 2011-nji ýylda bolsa Günorta gaz geçelgesi boýunça resminama gol çekilendigini mälim etdi. Aliýew umuman, Azerbaýjan bilen ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň köp ýyllardan bäri üstünlikli dowam edýändigini belläp geçdi.

Ýewropa Bileleşigi 2030-njy ýyla çenli energiýa sarp edilişi we elektrik energiýasynyň önümçiligi nukdaýnazaryndan tebigy gazyň möhüm orun eýelemegi dowam etjekdigine ynanýar. Şu nukdaýnazardan, Ýewropa Bileleşigi geljekde-de tebigy gazy ulanmagy dowam etdirer.

– Azerbaýjan Ýewropa Bileleşigine tebigy gaz ibermegi ýokarlandyrdy. Bu depgin saklanyp galar. Şu ýyl goşmaça 4 milliard kubmetre çenli tebigy gaz iberiler. 2027-nji ýylda tebigy gazyň iberilýän möçberiniň 2 esse artmagyna garaşylýar – diýip, Ýewropa Bileleşiginiň energetika boýunça komissary Kadri Simson belläp geçdi.

 

18-nji iýul ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Türkiýede 8 aýda 69 sany Türkmen kompaniýa esaslandyryldy

Baş Redaktor

Oleg Kononenko: Türkmenistanyň ösüşine hemişe uly goşant goşmaga taýýardyryn

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna täze ýolbaşçy saýlandy

Teswirle