TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Awstriýanyň kompaniýalary Türkmenistana maýa goýmaga çagyryldy

Awstriýa Respublikasynyň daşary işler ministri Mihael Linhart Türkmenistanda saparda bolýar. Ozal hem habar berşimiz ýaly, Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça sapar amala aşyran Awstriýanyň ministri Mihael Linhart öz ýurdunuň işewür düzümlerine ýolbaşçylyk edip, sebit ýurtlarynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady meseleleriň ýygjamlaşdyrylmagyna bagyşlanan meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdy.

Merkezi Aziýa saparyna Gyrgyz Respublikasyndan başlan daşary işler ministri Mihael Linhart soňra Täjigistanda we Özbegistanda saparda boldy.

TÜRKMENISTAN BILEN KÖPTARAPLY HYZMATDAŞLYGA ULY ÄHMIÝET BERÝÄRIS

Bu saparynyň jemleýji tapgyry biziň ata Watanymyz Türkmenistan boldy. Awstriýa Respublikasynyň daşary işler ministri Mihael Linhart Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde gepleşikler geçirdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Awstriýa Respublikasynyň daşary işler ministri Mihael Linhartyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Bu gepleşikleriň giňeldilen düzümdäki çäräsine daşary ýurtly habar beriş serişdeleriniň hem wekilleir gatnaşdy. “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem gatnaşmagyndaky gepleşikleriň barşynda taraplar ykdysadyýetiň dürli ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Awstriýa Respublikasynyň daşary işler ministri Mihael Linhart Türkmenistan bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigini belläp, umuman Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa ýurtlary, hususan-da Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna aýratyn möhüm ähmiýet berýändigini belledi.

Mihael Linhart Gyrgyz Respublikasynda geçirilen Ýewropa Bileleşigi-Merkezi Aziýa birinji ykdysady forumynyň munuň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny belledi. Şeýle hem ol türkmen tarapyny bilen “ýaşyl” ykdysadyýet, sagly goraýyş, energetika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny belledi.

AWSTRIÝA ÝOKARY HILLI ÖNÜMLERI HÖDÜRLEMÄGE TAÝÝAR

Awstriýa Respublikasynyň daşary işler ministri Mihael Linhart öz ýurdunyň hökümetiniň täze “ReFocus Austria” ykdysady başlangyjy esasynda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklara uly üns berilýändigini belledi. Şonuň üçin öz wekiliýetiniň arasynda köp sanly işewürleriň bardygyny bellän daşary işler ministri Mihael Linhart Awstriýanyň ýokary hilli önümleri hödürlemäge taýýardygyny belledi.

TÜRKMENISTANYŇ MAÝA GOÝUM MÜMKINÇILIKLERI TANYŞDYRYLDY

Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankynyň müdirýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarow Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri barada maglumat berdi.

Hususan-da ýurdumyzyň makroykdysady görkezijileri barada berlen hasbaat görä, 2021-nji ýylyň ýanwar-awgusta aýlarynda JIÖ ösüş depgini 6,2 göterim, daşary söwdanyň 9 milliard 191 million dollar, degişli hasabat döwründe eksportuň 5 milliard 471 million dollara, importuň 3 milliard 719 million dollar, daşary söwda balansynyň 1 milliard 751 million dollara deň bolandygy mälim edildi.

IŇ KÖP ÝAPONIÝA MAÝA GOÝUM SERIŞDELERINI GÖNÜKDIRÝÄR

Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankynyň müdirýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarow Ýaponiýanyň ýurdumyzyň strategik hyzmatdaşy bolup durýandygyny belledi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde Ýaponiýanyň öňdeligi eýeleýändigi bellenilip, 2021-nji ýylyň 1-nji noýabrdaky maglumata görä, Ýaponiýadan çekilen maýa goýum karzlarynyň möçberi 48 göterime, Koreýa Respublikasy 17 göterime, Saud Arabystany 12 göterime, Germaniýa 6 göterime, ABŞ 5 göterime, Hytaý 3 göterime we Şweýsariýa 2 göterime deň bolandygy mälim edildi.

Şeýle hem bu duşuşykda “TAPI Pipeline Company Ltd” konsorsiumynyň ýolbaşçysy Muhammetmyrat Amanow ýurdumyzyň nebitgaz pudagyndaky maýa goýum mümkinçilikleri barada maglumat berdi.

 

9-njy noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Hytaýyň Başlygy Si Szinpin Saud Arabystanyda

Türkmenistan bilen Russiýa 15 resminama gol çekişdi

Türkmenistan-Russiýa: ylalaşyklaryň toplumyna gol çekiler

Teswirle