TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Awstraliýa “Sputnik V” sanjymyny ykrar etdi

Awstraliýanyň bejeriş önümleri edarasy (TGA) Russiýanyň “Sputnik V” sanjymy alan daşary ýurt döwletleriniň raýatlarynyň sanjymyny ykrar etmegi maslahat berdi. Bu barada degişli edaranyň web sahypasynda bellenilip geçilýär.

– TGA edarasy koronawirus ýokanjyna garşy Russiýanyň N.F.Gamaleýa merkezi tarapyndan işlenilip düzülen “Sputnik V” sanjymyny alan jahankeşdeleriň sanjym derejesini kabul etmegi maslahat berdi -diýlip bellenilýär.

Awstraliýanyň degişli edarasynyň habar bermegine görä, rus tarapy “Sputnik V” sanjymy barada zerur bolan maglumatlary bu edara hödürledi. Şol hödürnamada “Sputnik V” sanjymynyň koronawirusdan goraýandygy we gelýän syýahatçynyň bu ýokanjy başga birine geçirmek ähtimallygyny azaldýandygy bellenilip geçilýär.

Awstraliýanyň edarasy, şeýle hem, “Sputnik V” sanjymynyň iki dozasynyň koronawirus ýokançlygyna azyndan 89% täsir edýändigi nygtalýar.

Awstraliýa hökümeti COVID-19 pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylyň mart aýynda ýurduň serhetlerini ýapdy. Şu güne çenli ýurduň çägine girmek ep-esli çäkli bolup galýar we daşary ýurtlaryň raýatlary üçin hökmany şert TGA tarapyndan tassyklanan sanjymlaryň biri bilen iki gezek sanjym etmekdir.

Şu güne çenli Russiýanyň “Sputnik V” sanjymyndan başga-da Awstraliýa “Covishield”, “CoronaVac”, “BBIBP-CorV”, “Sinofarm” we “Kowaksin” sanjymlary ykrar etdi. Şeýle hem “AstraZeneca”, “Pfizer – BioNTech”, “Moderna” we “Johnson & Johnson” sanjymlary hem tassyklandy.

 

 

“Talyp karzy” mümkinçiligi

Ýene-de okaň

Saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamyna bagyşlanan halkara forum

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: Belarus ugry boýunça gatnawlar

“Green Card” (Grin Kard) -2024: Senenamasy Yglan edildi

Baş Redaktor

Teswirle