SPORT

Awstraliýa dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy

Awstraliýanyň ýygyndysy futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Bu ýurduň ýygyndysy dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin pleý-off tapgyrynda Perunyň ýygyndysyny ýeňmegi başardy.

Duşuşyk dünýä çempionatyny kabul edýän Katar döwletiniň Er-Raýýan şäherinde geçirildi. Duşuşygyň esasy 90 minuty 0:0 tamamlandy. Berlen goşmaça wagtda hem hasap açylmady. 11 metrlik jerime urgularyndan Awstraliýa Peruny 5:4 hasabynda ýeňdi.

Şeýlelikde, Awstraliýanyň ýygyndysy dünýä çempionatynda “D” toparçada Daniýa, Fransiýa we Tunis bilen bäsleşer.

Awstraliýanyň ýygyndysy 5-nji gezek dünýä çempionatynda çykyş etmek mümkinçiligine eýe boldy.

21-nji noýabr-18-nji dekabr aralygynda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşjak soňky ýygyndy, ýagny 32-nji milli ýygyndy şu gün belli bolýar. Ol hem Kosta-Rika bilen Täze Zelandiýanyň arasyndaky duşuşygyň netijesinde belli bolar.

 

 

Ilham Aliýew: Türkmenistan bilen ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge amatly şertler bar

Related posts

Ronaldo bu gezek hem kuboksyz galdy

Iň köp kubok gazanan futbolçy Meksikada oýnar

Ata Watan Eserleri

Banega “Sewilýa” topary bilen hoşlaşdy