TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

“Awstraliýa Açyk” finaly: Nadal-Medwedew

Dünýäniň birinji derejeli raketkaçysy, serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiçiň çetleşdirilen “Awstraliýa Açyk” tennis ýaryşynda erkekleriň arasynda finalçylar belli boldy.

Umuman, tennis sportunyň naýbaşy ýaryşlarynyň biri bolan “Awstraliýa Açyk” ýaryşynyň finalynda ispaniýaly Rafale Nadal bilen russiýaly Danil Medwedew duşuşar.

35 ýaşly tejribeli tennis türgeni Rafael Nadal 6-njy gezek “Awstraliýa Açyk” tennis ýaryşynyň finalyna çykmagy başardy. Umumylykda, ol 29-njy gezek “Uly tuwulga” tennis ýaryşynyň finalçysy boldy.

Ozalky birinji raketkaçy Rafale Nadal finaldan ozal italiýaly Matteo Berrettini 6:3, 6:2, 3:6, 6:3 hasabynde ýeňillik bilen ýeňmegi başardy.

Nadalyň 21-nji uly ýaryşda ýeňiş gazanmagyna päsgelçilik berip biljek garşydaşy russiýaly Daniil Medwedew boldy. Ol finala çykmak üçin gaty köp zähmet çekmeli boldy. Rus türgeniň ýarym finaldaky bäsdeşi gresiýaly Stefanos Sisipas boldy. Ilkinji döwde 7:6 (7:5) hasabynda ýeňlen Medwedew soňky 3 döwde ýeňiş gazanyp, finala çykdy.

Şeýlelikde, rus türgeni 2-nji uly ýaryşda ýeňiş gazanmaga ýene-de bir ädim golaýlady. Sport bilermenleri Jokowiçiň ýaryşdan çetleşdirilmegi bilen rus türgen Medwedewiň bu ýaryşda ýeňiş gazanjakdygyny belläp geçipdiler.

2022-nji ýylda “Awstraliýa açyk” tennis ýaryşynyň final duşuşygy ertir, dynç güni geçiriler.

Zenanlaryň arasynda “Awstraliýa Açyk” ýaryşynyň finalynda bolsa, ýeňiji şu gün belli bolar. Bu duşuşykda awstraliýaly Eşli Barti bilen amerikaly Daniel Kollinz duşuşar.

2021-nji ýylda bu ýaryşda ýaponiýaly Naomi Osaka ýeňiş gazanypdy.

 

Türkiýede täze adalat ministri wezipä bellendi

Ýene-de okaň

Mançester derbisi: Holandyň we Fodeniň taryhy rekordy

Ata Watan Eserleri

Türkiýede IV Bütindünýä çarwa oýunlaryna badalga berildi

Türkmen türgenleri Özbegistanda 11 medal gazandy

Teswirle