TEHNOLOGIÝA

Awotulag sergisi ýatyryldy, ýöne “ýylyň ulagy” saýlandy

Ýaponiýanyň dünýä belli “Toyota” kompaniýasynyň “Toyota Yaris” awtoulagy “Ýylyň awtoulagy” diýen belent ada eýe boldy. Bu baradaky çözgüdi Ženewa awtoulag sergisiniň eminler agzasy kabul etdi. Emin agzalarynyň hatarynda Ýewropanyň 22 ýurdundan 59 1urnalist hem bardy.

Her ýyl geçirilýän Ženewa awtoulag sergisi koronawirus pandemiýasy sebäpli ýatyryldy. Ýöne 1964-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän “Ýylyň awtoulagy” bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşit adatça, şol serginiň açylyş dabarasy mynasybetli guralýardy. “Ýylyň awtoulagy” bäsleşigi wideokonferensiýa ulgamy arkaly geçirildi.

“Toyota Yaris” awtoulagynyň ozalky görnüşi 2000-nji ýylda hem ýeňiji bolupdy. Ulagyň täze görnüşleri Fransiýanyň Walansýen şäherinde Ýewropa ýurtlarynyň bazary üçin öndürilýär.

Ženewadaky awtoulag sergisi Şweýsariýanyň iň iri çäreleriniň biri hasaplanýar. Oňa millionlarça adam gelýärdi. Guramaçylaryň aýtmagyna görä, çäreniň pul dolanyşygy 180 million ýewro barabar bolýardy.

“Ýylyň awtoulagy” bäsleşiginiň ýeňijileriniň sanawy:

  • “Toyota Yaris”: 266 bal
  • “Fiat New 500”: 240 bal
  • “Cupra Formentor”: 239 bal
  • “Volkswagen ID.3”: 224 bal
  • “Skoda Octavia”: 199 bal
  • “Land Rover Defender”: 164 bal
  • “Citroen C4”: 143 bal

 

 

Emeli aňyň mümkinçilikleri

 

 

Ýene-de okaň

“TikTok” ABŞ-daky aktiwlerini satmak boýunça ylalaşyk baglaşdy

Hytaýda ýol polisiýa işgärleri emeli aň äýnekleri ulanyp başlady

Dubaýda sürüjisiz taksiler synag tertibinde işläp başlady

Ata Watan Eserleri

Hytaýda ilkinji emeli aňly ýol gözegçisi işe girizdi

Belarus 2029-2030-njy ýyla çenli raýat uçaryny döretmegi meýilleşdirýär

BMG: dünýäde internet ulanyjylarynyň sany 6 milliarddan geçdi