“Awazada” dynç almagyň tertibi

Ýurdumyzda tomusky dynç alyş möwsümine görülýän taýýarlyklar barada hasabat berildi. Hususan-da ýurdumyzdaky çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde, şypahanalarda hem-de “Awaza” milli syýahatçylyk merkezinde alnyp barylýan saglyk hyzmatlarynyň derejesini ýokarlandyrmak barada görülýän çäreler babatda bellenilip geçildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow milli Liderimiz geçiren sanly ulgam arkaly iş maslahatynda bular barada hasabat berdi. Hasabatdan görnüşi ýaly, şypahanalaryň möwsüme taýýar edilendigi mälim edildi.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagy barada aýdylanda bolsa, deňziň kenaryndaky ministrlikleriň we degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan Awaza gidýänlere ýollanma hatlarynyň berilýändigi bellenildi. Raýatlar Awaza gitmezden öň ýollanma hatlaryny alanlaryndan soňra welaýatlarda we Aşgabatda kesgilenilen Saglyk öýlerinde koronawirus ýokanjyna garşy sanjym ediler.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky dolandyryş merkezi tarapyndan myhmanhanalarda bolýan adamlaryň sanawy degişli ministrliklere we pudaklaýyn edaralara her gün iberiler. Şeýle hem dynç alyş zolagynda hyzmat edýän işgärler lukmançylyk gözegçiliginden geçiriler. Olara Kowid-19 barlagyndan geçendigi barada kepilnamasy we koronawirus ýokanjyna garşy sanjym edilendigi tassyklaýan resminama talap ediler.

Şeýle hem hyzmat edýän işgärler her 15 günden çalşyk esasynda işlärler. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bir hatarda birnäçe ministrlikleriň we dolandyryş edaralaryň etmeli işleri kesgitlendi.

Hormatly Prezidentimiz “Awaza” milli syýahatylyk merkeziniň dynç alyş möwsümine taýýarlyk derejesine ünsi çekip, deňziň kenarynda amatly dynç alyş şertlerini döretmek, myhmanhanalara arassaçylyk düzgünlerini üns merkezinde saklamagynyň zerurdygyny belledi.

Milli Liderimiz Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň geljekde geçiriljek mejlisleriniň birine özüniň hem gatnaşjakdygyny we onda berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň hasabatlarynyň diňlenjekdigini belledi.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagy dynç alşa açylýar