DÜNÝÄ

Awaza: Täjigistanyň Prezidenti Hormat nyşany bilen sylaglandy

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirilýär. Oňa sebitiň ýurtlarynyň – Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon gatnaşdy.

Şeýle hem bu duşuşyga BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň baştutany Natalýa German gatnaşdy.

Konsultatiw duşuşykdan soňra Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň nyşany gowşuryldy. Bu nyşany Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmona uly hormat bilen gowşurdy. Täjigistanyň Prezidenti bu nyşany ilkinji bolup alan Merkezi Aziýanyň Prezidenti boldy.

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 2021-nji ýylyň 6-njy awgustyndaky 001 belgili Karary bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda dostlugy, hoşniýetliligi, özara düşünişmegi we hyzmatdaşlygy ösdürmekde, sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde, sebit ýurtlarynyň bilelikdäki bähbitlerini we başlangyçlaryny halkara giňişliginde ösdürmekde möhüm hyzmatlary üçin Täjigistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglandy.

 

Awaza: Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleriniň duşuşygy

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Parlamentara Bileleşigiň 152-nji Assambleýasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Ilçisi BAE-niň Arap atlary jemgyýetiniň Baş direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Halkara Sanly Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde geçirilýän ýaşlar forumyna gatnaşýar

Türkmenistan syýahatçylykda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär

Türkmenistanda «Tatar kyzy» halkara bäsleşigi geçiriler