JEMGYÝETSYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramagyň tertibi

1. Dynç almaga gitmek üçin degişli lukmançylyk barlagyndan geçip, saglyk kepilnamasyny almaly. Lukmançylyk barlagyndan geçilýärkä, şeýle hem gidilende we gaýdylanda, 72 sagadyň dowamynda COVID-19-yň test barlagyndan geçmeli. Ýaşy 18-den ýokary raýatlar gitmezinden 10 gün öň ýollanma hatlaryny alandan soňra, ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde kesgitlenilen ýörite nokatlarda (saglyk öýlerinde) COVID-19-a garşy sanjymy almalydyr.

2. «Awaza» şypahanasynda bejergi almak üçin Türkmenistanyň raýatlaryna şahsyýetini tassyklaýan pasportynyň, raýatlaryň ýaşaýan ýeri boýunça saglyk öýlerinden berlen, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan tassyklanan şypahana kartasynyň, COVID-19-a garşy sanjym alandygy barada kepilnamasynyň hem-de aýratyn görkezmä çenli gidilende we gaýdylanda, COVID-19-yň test barlagyndan geçendigi barada kepilnamasynyň bolmagy hökmandyr.

Türkmenistanyň şypahanalarynda raýatlaryň saglygyny dikeltmek işlerini guramagyň tertibi

3. Şypahanalarda bejergi almak üçin Türkmenistanyň raýatlaryna şahsyýetini tassyklaýan pasportynyň, raýatlaryň ýaşaýan ýeri boýunça saglyk öýlerinden berilýän, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan tassyklanan şypahana kartasynyň, aýratyn görkezmä çenli gidilende we gaýdylanda, COVID-19-yň test barlagyndan geçendigi barada kepilnamasynyň bolmagy hökmandyr.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş
we derman senagaty ministrligi.

Ýene-de okaň

Araş, Mot we Semicenk Aşgabatda Täze ýyl konsertlerini bererler

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň ilkinji sergisi – türk eksport harytlarynyň sergisi

“Napoli” Italiýanyň Superkubogyny gazandy

Milli Liderimiziň «Hakyda göwheri» kitabyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyşy geçirildi

Putin: Russiýa 2026-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmegine goldaw bermäge taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy