SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Awaza: COVID-19-a garşy sanjym geçirmek üçin kesgitlenen nokatlar

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän myhmanhanalarda we kottejlerde dynç almaga isleg bildiren raýatlar syýahatçylyk edaralaryndan ýa-da zolakda ýerleşýän myhmanhanalaryň degişli ministrliklerinden, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan ýollamanamalary almalydyrlar.

Awazada dynç almagyň tertibine laýyklykda, ýollamanama alandan soň, raýatlar welaýatlarda we Aşgabat şäherinde kesgitlenen ýörite ýerlerde COVID-19-a garşy sanjym etdirmeli. Uly ýaşly raýatlara degişli sanjym alandygyny, soňky 72 sagadyň dowamynda lukmançylyk gözegçiliginden geçendigini, 18 ýaşdan kiçi raýatlara soňky üç gije-gündiziň dowamynda lukmançylyk barlagyndan geçendigini we test tabşyrandygyny tassyklaýan resminama berler.

«Awaza» şypahanasynda bejergi almak isleýän raýatlaryň pasportynyň, ýaşaýan ýeri boýunça saglyk öýlerinden berilýän, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan tassyklanan şypahana kartasynyň, COVID-19-a garşy sanjym alandygy barada kepilnamasynyň hem-de 72 sagadyň dowamynda test barlagyndan geçendigini görkezýän resminamasynyň bolmagy hökmanydyr. Dowamly kesellerden ejir çekýän we dürli gaýraüzülmeleri bolan raýatlar degişli tertipde öňüni alyş sanjymyny almak üçin maşgala lukmanlary bilen maslahatlaşmalydyrlar.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri raýatlaryň dynç alşa gidýän senesini bellik edip, degişli rugsatnamany berýärler.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna dynç almaga gitjek raýatlar üçin ýörite ulag gatnawlary ýola goýlandyr. Raýatlar demir ýol, howa menzillerinden we awtomenzillerden degişli myhmanhanalaryň awtoulaglary bilen getirilip, dynç alyş döwri tamamlanandan soň, yzyna ugradylýar.

2021-nji ýylyň 1-nji iýunyndan 1-nji sentýabra çenli Awazada dynç almak üçin ýüze çykýan soraglara jogap bermek maksady bilen, Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda gyzgyn telefon belgileri döredildi — (119). Raýatlar aşakdaky telefon belgilerine jaň edip, özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogap alyp bilerler:

Aşgabat şäheri (80012) 93-82-12

Ahal welaýaty (800137) 33-1-40

Balkan welaýaty (800222) 6-03-95

Daşoguz welaýaty (800322) 2-55-96

Lebap welaýaty (800422) 3-10-24

Mary welaýaty (800522) 4-42-53

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna dynç almaga gidýän raýatlara COVID-19-a garşy sanjym geçirmek üçin kesgitlenen nokatlar:

AŞGABAT ŞÄHERI:

6-njy saglyk öýi: 23-09-03; 23-09-12.
11-nji saglyk öýi: 95-73-27; 95-73-12.
14-nji saglyk öýi: 51-56-70; 51-56-71; 51-56-80; 51-56-81.
16-njy saglyk öýi: 97-67-99; 97-67-98.

AHAL WELAÝATY:

Gökdepe etrap köp ugurly hassahanasynyň maslahat beriş we kesel anyklaýyş bölümi: (800132) 4-70-08; 4-70-09.
Ak bugdaý etrap hassahanasynyň Magtymguly oba saglyk merkezi: (800137) 32-0-54.
Tejen şäher hassahanasynyň maslahat beriş we kesel anyklaýyş bölümi: (800135) 4-86-24.

BALKAN WELAÝATY:

Balkanabat şäheriniň 1-nji saglyk öýi: (800222) 5-97-03; 5-97-05.
Türkmenbaşy şäher saglyk öýi: (800243) 2-60-09; 2-21-36.
Serdar etrap hassahanasynyň maslahat beriş we kesel anyklaýyş bölümi: (800246) 7-13-33; 7-20-98.

DAŞOGUZ WELAÝATY:

Daşoguz şäheriniň 2-nji saglyk öýi: (800322) 6-07-56; 6-02-55.
Köneürgenç etrap hassahanasynyň maslahat beriş we kesel anyklaýyş bölümi: (800347) 3-16-02; 3-19-70.

LEBAP WELAÝATY:

Türkmenabat şäheriniň 5-nji saglyk öýi: (800422) 3-50-59; 3-50-70.
Kerki etrap hassahanasynyň maslahat beriş we kesel anyklaýyş bölümi: (800444) 2-00-03; 2-03-22.
Seýdi şäher hassahanasynyň maslahat beriş we kesel anyklaýyş bölümi: (800446) 7-02-58; 7-00-21.

MARY WELAÝATY:

Mary şäheriniň 2-nji saglyk öýi: (800522) 4-68-57; 4-68-65; 4-68-62.
Ýolöten etrap hassahanasynyň maslahat beriş we kesel anyklaýyş bölümi: (800560) 6-55-23; 6-50-67.
Oguzhan etrap hassahanasynyň Şatlyk şäher şahamçasy: (800559) 6-45-21; 6-46-03.

Eziz ildeşler!

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, «Awaza» şypahanasynda talabalaýyk dynç almak üçin 2 metr howpsuz aralygy saklaň, agyz-burun örtüklerini doly we dogry dakynyň! Dynç alşy meýilleşdireniňizde, hökman degişli barlaglardan geçip, resminamalaryňyzy jemläň! Şu düzgünleri doly berjaý etseňiz, tomusky dynç alyş möwsüminiň her bir pursady siziň saglygyňyza saglyk goşar. Saglygyňyza paýhasly çemeleşiň, netijeli dynç alyň!

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.

Haj parzynyň tertibi mälim edildi

https://www.atavatan-turkmenistan.com/dolandyrys-merkezi-dync-alys-mowsuminin-ayratynlyklary/

Ýene-de okaň

Türkiýede hasyl möwsüminde zeýtun baýramy

Türkiýäniň ýüze çykarylan taryhy gymmatlyklary

Ata Watan Eserleri

Balkanda we Lebapda 150 orunlyk, Maryda 200 orunlyk onkologiýa hassahanasy gurlar

Özbegistanda syýahatçylygyň täze görnüşleri ornaşdyrylar

Türkmenistan Gruziýadaky Bütindünýä syýahatçylyk forumyna gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Türkiýäniñ jana şypaly şypahanalary