Krosswordyň soraglary

1. Reňkli ýüplerden nagyşlar salnyp, öýdelip dokalýan uly düşek
2. Dürli ýogynlykda çybyk görnüşli metal önüm.
3. Saz çalnanda dutarda sag elde ýerine ýetirilýän tilsim
4. Metaldan ýasalan syrçaly ýa-da syrçasyz gap, tabak
5. Hemmeler üçin hökmany bolan jemgyýetçilik kadalarynyň döwlet tarapyndan bellenen ulgamy
6. Hyýar, gawun ýaly ekinleriň pazylyny iýýän arkasy ýaşylymtyl ýa-da gyzyl meneklije möjejik.
7. Watan, ýurt, mekan.
8. Lebap welaýatynda bir şäher
9. Em, däri-derman
10. “Ýada düşer, dolanmazmy ... döwranly çaglar, Köňül arzuw eýlär, Watanym, seni” (Zelili)
11. Awçy guşlara aw awlamak öwredilýän wagtynda, olary ýokaryk gondurmak üçin ulanylýan ýüzi gyzyl mataly ak keçe
12. Suw degirmeniniň çarhy.
13. Gün düşýän ýer.
14. Kömek, ýardam.
15. Eýran Yslam Respublikasynyň öňki ady.
16. Uçar sürýän hünärmen
17. Diplomatik wezipä bellenýän dalaşgäre berilýän razylyk
18. Belli brazil futbolçysy
19. Suwuň akan ugry
20. Süýnmäge ukyply, maýyşgak jisim
21. Depregiň bir görnüşi.
22. “Beg, töre, aksakgal ýurduň eýesi, küren tutar gözel ... türkmeniň” (Magtymguly).
23. Agaçdan, gaýyşdan, demirden we ş.m. ýasalan kiçijik gap
24. “Hatarda ... bolsa, ýük ýerde galmaz” (Nakyl)
25. Bezeg hökmünde ulanylýan gymmat bahaly daş
26. Ýakymly ysy bolan jisimler goşulan spirtli ergin .
27. Suwly ýap.
28. Kölege
29. Ýurdumyza gelýän syýahatçylary haýrana goýýan bakja önümleriň biri
30. Gargydan we ş.m. ýasalýan tüýdügiň bir görnüşi, saz guraly