BILIM

Aşgabatdaky ýöriteleşdirilen mekdep-internatyna okuwa kabul edişlik

Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyna 2022—2023-nji okuw ýyly üçin Aşgabat şäherinden we welaýatlardan 2021 — 2022-nji okuw ýylynda orta mekdepleriň 6-njy synpyny tamamlaýan zehinli okuwçylar kabul edilýär. Bu barada “Mugallymlar gazeti” neşirinde degişli bildiriş çap edildi.

Dalaşgär okuwçylaryň 1 — 6-njy synplardaky bahalarynyň aglabasy 5-lik bolmaly. Mekdep-internata okuwa girmäge isleg bildirýän zehinli okuwçylaryň sanawy we aşakdaky resminamalar etrap (şäher) bilim bölüminiň üsti bilen degişli welaýat we Aşgabat şäher Baş bilim müdirliklerine 2022-nji ýylyň 14-nji apreline çenli iberilýär.

Baş bilim müdirlikleri bolsa okuwçylaryň sanawyny hem-de beýleki maglumatlary resmileşdirip, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyna iberýär:

— okaýan mekdebindäki şahsy jiltiniň mekdep müdiriniň möhüri bilen tassyklanan göçürmesi;

— mekdep tarapyndan berlen hödürnama;

— ýaşaýan ýerinden kepilnama;

— ata-enesiniň işleýän ýerinden kepilnama;

— saglyk ýagdaýy hakynda kesgitlenen nusgadaky kepilnama (026-H belgili);

— 3×4 ölçegdäki 2 sany surat.

Mekdep-internata okuwa girmäge isleg bildiren zehinli okuwçylar bilen türkmen dilinden diktant, matematika hem-de taryh dersleriniň her birinden 3 soragdan ybarat bolan soragnama ýazmaça jogap bermek arkaly synaglar geçiriler.

Synaglaryň möhleti:

Balkan welaýaty — aprel aýynyň 15 — 16-sy (Balkanabat şäheri);

Ahal welaýaty — aprel aýynyň 18 — 19-y (Aşgabat şäheri);

Aşgabat şäheri — aprel aýynyň 20 — 21-i (Aşgabat şäheri);

Lebap welaýaty — aprel aýynyň 22 — 23-i (Türkmenabat şäheri);

Mary welaýaty — aprel aýynyň 25 — 26-sy (Mary şäheri);

Daşoguz welaýaty — aprel aýynyň 28 — 29-y (Daşoguz şäheri).

 

Harby instituta okuwa çagyrýarys!

Ýene-de okaň

Türkmen diplomaty rumyn uniwersiteti bilen bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýda talyp hakly okamak mümkinçiligi

Eýranly professorlar tarapyndan geçirilen hünär kämilleşdiriş okuwlary geçirildi

Türkmenistan we Beýik Britaniýa bilim ulgamyndaky amaly hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Londonda bilim ulgamynda türkmen-britan hyzmatdaşlygy babatda 4 resminama gol çekildi

Ýokary bilim we ylym boýunça Germaniýa–Merkezi Aziýa forumy geçirilýär