Aşgabatdaky binalaryň nobatdaky açylyş dabaralary

12-nji aprelde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy hem-de paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli açylyş dabaralaryna badalga berildi. Şol gün paýtagtymyzyň günorta böleginde ýurdumyzyň öňden gelýän esasy hyzmatdaşy Fransiýanyň “Bouygues Bâtiment International” kompaniýasy tarapyndan gurlan birbada 2 iri bankyň – “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň hem-de “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalar açylyp ulanmaga berildi.

“Orient.tm” internet neşiriniň habar bermegine görä, şanly seneler mynasybetli açylyş dabaralarynyň geçirilmegi dowam edýär. Şu gün, ýagny 14-nji aprelde Halk Maslahatynyň Diwanynyň binalar toplumynyň, 15-nji aprelde bolsa Türkmenistanyň Maslahatlar merkezi ulanmaga berler.

20-nji aprelde bolsa, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň merkeziniň işe girizilmegi bilen baglanyşykly dabaranyň guralmagy göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem 25-nji aprelde “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň aýratyn toplumynyň hem-de birbada onuň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky düzümleriniň we Ahal welaýatyndaky karantin merkeziniň açylmagy meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, bu aýyň möhüm açylyş dabaralarynyň biri hem Aşgabadyň günorta böleginde gurlan hem-de özboluşly uly seýilgähli kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynyň hem açylmagy meýilleşdirilýär. Bu myhmanhananyň 27-nji aprelde ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär.

Paýtagtymyz Aşgabatdaky ýene-de bir kaşaň myhmanhananyň  – “Garagum” myhmanhanasynyň açylyş dabarasy maý aýynda göz öňünde tutulýar.

Umuman, ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli 30 iri desganyň ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär.

 

Halkara nebit we gaz uniwersiteti “Açyk Gapylar” gününe çagyrýar