TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNESJEMGYÝET

Aşgabatda türkmen-gyrgyz ykdysady forumy geçirildi

Ýurdumyzda resmi saparda bolýan Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisine hem-de türkmen-gyrgyz ykdysady forumyna gatnaşdy. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň resmi internet saýtynda bellenilip geçilýär.

Bu çäreler Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Gyrgyzystanyň Prezidentine Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi bilen tanyşdyrdy. Bu ýerde tebigy gaz, nebiti gaýtadan işlemek, himiýa, dokma senagaty, şeýle hem gurluşyk, oba hojalygy we beýleki pudaklarda öndürilýän önümler görkezilýär.

GYRGYZ PREZIDENTI TÜRKMENISTAN IŞEWÜRLERINI HYZMATDAŞLYGA ÇAGYRDY

Soňra bu ýerde türkmen-gyrgyz ykdysady forumy geçirildi. Prezident Sadyr Žaparow Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň hem-de işewürlik wekilleriniň öňünde çykyş etdi. Sadyr Žaparow Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen iki döwletiň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyga täze itergi bermegiň möhümdigini belledi.

Gyrgyz Prezidenti amatly maýa goýum şertlerini döretmek bilen maýadarlaryň ynamyny gazanmaga uly üns berilýändigini aýtdy. Bu ugurda, hususan-da Gyrgyzystanda maýa goýumlar taslamalaryny durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýän birnäçe kanun taslamalarynyň işlenip düzülýändigini belledi.

Sadyr Žaparow nebithimiýa, gaz senagaty, elektrik energiýasy ugrunda işleýän Türkmenistanyň kärhanalaryny gyrgyz bazaryna çekmäge hem-de tejribe alyşmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini mälim etdi.

Gyrgyz Prezidenti Türkmenistanyň möhüm öňdebaryjy pudaklarynyň biri bolan dokma senagaty pudagynda iri dokma toplumlarynyň, pagta egriji we dokma fabrikleri, egin-eşik fabrikleri, ýüpek gaýtadan işleýän zawodlar, aýakgap fabrikleri, deri we ýüňi ilkinji gaýtadan işleýän önümçilikleriň hereket edýändigini belledi.

Gyrgyz Prezidenti türkmen senagatçylaryny Gyrgyzystanda kärhana döretmäge çagyrdy, öz ýurdunda ýeňil senagatda babatda mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Şeýle hem Gyrgyz Prezidenti Gyrgyzystanyň hem-de Türkmenistanyň harytlarynyň dünýä bazarlaryna eksport edilmegine kömek etjek gyrgyz-türkmen logistika kompaniýasyny döretmegiň geljegine ünsi çekip, ýurtlaryň bar bolan ulag we ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň möhümdigini aýtdy.

Soňra forumda Türkmenistanyň energetika ministri Ç.Purçekow, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow, döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň ýolbaşçysy B.Amanow, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň ýolbaşçysy N.Nyýazlyýew, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň dolandyryjy geňeşiniň başlygy Rahymberdi Jepbarow hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçysy D.Hudaýberdiýew çykyş etdiler.

Gyrgyz tarapyndan bolsa maýa goýum ministriniň orunbasary Unbrielýa Temitaliýewa hem-de Gyrgyzystanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçysy Danila ibraýewa çykyş etdi.

Türkmen-gyrgyz ykdysady forumynyň çäginde Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň wekilleriniň arasynda duşuşyklar hem geçirildi, onlaýn tertipde dürli önümleriň üpjün etmek boýunça telekeçileriň arasynda ikitaraplaýyn ylalaşyklar we şertnamalar baglaşyldy.

 

Gyrgyzystanyň Prezidenti Türkmenistana geldi

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan suwuklandyrylan gaz eksport etdi

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanda döwlet saparynda bolar

Teswirle