JEMGYÝET

Aşgabatda täze belgili awtobuslar halkyň hyzmatynda

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda awtobus hyzmatlarynyň gerimi barha giňeldilýär. Häzirki wagtda şäheriň şaýollarynda we köçelerinde 102 hem-de 103 belgili awtobuslar öz kesgitlenen ugurlar boýunça ýolagçylara hyzmat edýär. 3 belgili awtobus gatnawlary Aşgabadyň taryhynda ilkinji wakadyr. Bu barada “Türkmenawtoulaglary” agentligi “orient.tm” neşirine beren beýanatynda bellenilip geçilýär.

102 belgili awtobus “Awtokombinat” nokadyndan herekete başlap, soňky nokady Teke bazarynda tamamlanýar. 103 belgili awtobusyň ugry bolsa “Parahat” ýaşaýyş jaý toplumyndan başlap, halkara howa menzilinde tamamlanýar.

Türkmen paýtagtynyň çäginiň giňelmegi hem-de ilatynyň artmagy bilen awtobus ugurlary hem köpeldilýär. Olar 1-2 aýda diýen ýaly yzygiderli artdyrylýar. Bir wagtda birnäçe täze ugurlar boýunça gatnawlar ýola goýulýar.

Mälim bolşy ýaly, paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli 25-nji maýda Aşgabatda täze gelip gowşan 400 awtobus hereket edip başlady.

Ýakyn geljekde türkmen paýtagtynda awtobus gatnawynyň onlaýn kartalarda görkezilmegi meýilleşdirilýär. Bu awtobuslarda oturdylan GPS nawigasiýa ulgamynyň kömegi bilen mümkin bolar.

 

“Türkmenistan” awiakompaniýasy içerki gatnawlaryň sanyny artdyrdy

 

“Türkmenistan” awiakompaniýasy içerki gatnawlaryň sanyny artdyrdy

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri