SPORT

Aşgabatda sambo boýunça Dünýä çempionaty geçiriler

Türkmenistanda 2025-nji ýylda sambo boýunça Dünýä çempionaty geçiriler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde habar berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Aşgabatda 2025-nji sambo boýunça Dünýä çempionatyny geçirmek babatda edilýän işler barada hasabat berildi.

Türkmenistan bu çempionaty 2020-nji ýylda geçirmelidi. Ýöne koronawirus zerarly emele gelen çyşyrymly ýagdaýlar nazara alnyp, Halkara sambo federasiýasynyň ýerine ýetiriji komiteti çempionaty Aşgabatda 2025-nji ýylda geçirmek baradaky çözgüdi kabul etdi.

Bu teklip içgin öwrenildi we Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýagaty ministrligi Söweş sungaty milli federasiýasy bilen bilelikde makullandy.

Şunuň bilen baglylykda bu halkara ýaryşyny ýkary derejede guramak maksady bilen guramaçylyk komitetini döretmek teklip edildi.

 

Fuat Oktaý: türkmen tebigy gazyny dünýä bazaryna çykarmaga taýýardyrys

Ýene-de okaň

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler

Merkezi Aziýada ilkinji gezek suwdaky «Formula-1» dünýä kubogy Yssykköl sebitinde geçiriler

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy