JEMGYÝET

Aşgabatda Parlamentara forumy geçirilýär

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy öz işine başlady. Oňa gatnaşyjylar ir säher bilen Türkmenistanyň Konstitusiýa binasyna gül goýdular. Soňra Maslahatlar merkezinde forumyň dabaraly mejlisi açyldy. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär.

«Merkezi Aziýa — Russiýa» görnüşinde sebitde ilkinji gezek geçirilýän çärede Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow giriş sözi bilen çykyş etdi. Mejlisde GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Başlygy, Russiýanyň parlamentiniň ýolbaşçysy Walentina Matwiýenkonyň gutlag sözi hem diňlenildi.

Forumyň gün tertibine laýyklykda, Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň, Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň, Täjigistan Respublikasynyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlyklary hem-de GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş sekretary çykyş edip, kanun çykaryjy ulgamda toplanan tejribäni paýlaşmak, foruma gatnaşyjy ýurtlaryň özara hyzmatdaşlygynda parlamentara gepleşikleri mundan beýläk-de işjeňleşdirmek bilen bagly ugurlarda milli we sebit derejesinde alnyp barylýan işler barada jikme-jik durup geçdiler.

Günüň ikinji ýarymynda forumyň işi plenar mejlislerde dowam edip, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň  Parlamentara forumynyň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul ediler.

 

 

 

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy öz işine başlady

Ýene-de okaň

Mariýa Zaharowa: Eýrandaky rus raýatlaryny üstaşyr geçirmekde Türkmenistanyň ägirt uly kömegi bar

Türkmenistan Eýrandan gelen 16 ýurduň raýatlaryny kabul etdi

17 ýurduň raýaty Türkmenistanyň üsti bilen Eýrandan öz ýurduna barar

Täjigistanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Ogulabat ejäniň hünäri – türkmen zenanlary üçin görelde sungat mekdebidir

Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýda talyp hakly okamak mümkinçiligi