SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Aşgabatda lukman alymlarynyň halkara forumy geçiriler

Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň Direktory doktor Hans Klýuge bilen duşuşygy geçirildi.

Işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp geçdiler. Şeýle hem halkara gün tertibiniň saglygy goraýyş ulgamyndaky wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Türkmen tarapy BSGG-niň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň direktoryna Türkmenistanyň Prezidentiniň dürli halkara meýdançalarynda saglygy goraýyş ulgamy boýunça öňe sürýän başlangyçlary hem-de teklipleri babatynda gürrüň berdi we Türkmenistanyň BSGG bilen hyzmatdaşlygynyň has hem ösdürilmegini we berkidilmegini maksat edinýändigini tassyklady.

Umumy howpa garşy göreşmekde üstünlik gazanmagyň esasy şertiniň syýasylaşdyrmagy aradan aýyrmak bilen, ylmy diplomatiýanyň usullarynyň we serişdeleriniň giňden ulanylmagyna esaslanyp, BMG-niň ähli agza döwletleriniň hem-de edaralarynyň jebisleşmesi bolup durýandygy nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar 2021-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Aşgabatda geçiriljek “Lukmançylyk diplomatiýasy – sagdyn dünýäniň binýady” atly lukman alymlarynyň halkara forumynyň saglygy goraýyş ugrunda ulgamlaýyn pikir alyşmak we hünär tejribesi bilen paýlaşmak üçin gerekli şertleri döretmekdäki ähmiýetini belläp geçdiler.

 

Türkmenistan bilen Russiýa ykdysady hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler

Ýene-de okaň

Hytaý Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!