SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

«Aşgabat» seýilgähi gaýtadan açylýar

Paýtagtymyz Aşgabatdaky “Aşgabat” seýilgähi täzeden öz işine başlaýar. Ýagny, paýtagtymyzyň iň bir gelim-gidimli seýilgähleriniň biri bolan bu seýilgäh 1-nji maýdan öz işine başlaýar. Bu barada “Türkmenportal” neşiri habar berýär.

Bu seýilgähde çagalar üçin dürli attraksionlar, oýun meýdançalary we beýleki dynç alyş desgalary bar.

Seýilgäh sagat 10:00-dan 22:00-a çenli açyk bolar we hepdäniň çarşenbe günleri bolsa arassaçylyk günüdir.

“Aşgabat” seýilgähi türkmen paýtagtynyň iň gadymy seýilgähleriniň biri bolup, 7 gektar meýdany eýeleýär.

Bu ýere gelýänler köpçülik ýerlerinde 2 metr araçägi saklap, agyz-burun örtüklerini talabalaýyk dakynmalydyrlar.

 

Türkmen wekiliýetiniň BAE sapary

Related posts

Koronawirus: sanjymdan soňra dermany hem tapyldy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara uçuşlaryň nyrhlaryny üýtgedýär

BAE-däki Täze ýyl feýerwerki rekord goýdy