SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Aşgabat-Kazan ilkinji uçar gatnawy haçan?

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinden Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherine adaty uçar gatnawlary başlaýar.

Aşgabat-Kazan ugry boýunça ilkinji halkara uçar gatnawy 2022-nji ýylyň 1-nji iýunda ýerine ýetiriler.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy tarapyndan amala aşyryljak bu ilkinji gatnaw Aşgabadyň halkara howa menzilinden ýerine ýetiriler. Bu gatnaw üçin awiapetekler hem satylyp başlandy.

Mälim bolşy ýaly, ozal hem berlen maglumatlara laýyklykda, Türkmenistan koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly ýagdaýlary seljerip, halkara howa gatnawlaryny tapgyrlaýyn ýola goýmagy meýilleşdirýär.

Şonuň esasynda ilkinji nobatda, Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherine ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Düýn “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň resmi internet sahypasynda halkara uçar gatnawlaryndan peýdalanmak isleýänler üçin talap edilýän düzgünler hem neşir edildi. Şol habary hem size düýn saýtymyzda ýetiripdik.

 

Aşgabat-Dubaý ilkinji uçar gatnawy haçan?

Ýene-de okaň

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy