SPORT

Aşgabat halkara hokkeý ýaryşyna taýýar!

15-nji aprelde başlanjak Aşgabatdaky halkara derejeli hokkeý ýaryşy 20-nji aprele çenli dowam eder. Bu günlerde sport janköýerleri türkmen we dünýä hokkeýiniň meşhur toparlarynyň özara duşuşyklaryna tomaşa etmek bagtyna eýe bolarlar. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär

Aşgabatdaky hokkeý baýramçylygyna 10 ýurtdan 10 topar gatnaşar. Olar ýurdumyzyň «Galkan», Özbegistan Respublikasynyň «Feniks», Oman Soltanlygynyň «Oman Khanjars», Bahreýn Patyşalygynyň «Bahreýn», Gazagystan Respublikasynyň «Akmola», Türkiýe Respublikasynyň «Gümüş Patenler», Gyrgyz Respublikasynyň «Dordoý», Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Orhis-Kazan», Eýran Yslam Respublikasynyň «Ice Box» we Belarus Respublikasynyň «Wolat» hokkeý toparlarydyr.

Halkara ýaryşda «Galkan», «Feniks», «Oman Khanjars», «Bahreýn» we «Ice Box» toparlary «A», «Akmola», «Gümüş Patenler», «Dordoý», «Orhis-Kazan» we «Wolat» toparlary bolsa «B» toparçany emele getirer.

Halkara ýaryşa ýurdumyzdan wekilçilik etjek «Galkan» hokkeý topary Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň garamagynda 2013-nji ýylda döredildi.

Ýokarda-da ýazyşymyz ýaly, halkara ýaryşyň duşuşyklaryna 15-nji aprelde badalga berler. Eýýäm şol gün sagat 10:00-da başlanjak «Feniks» — «Oman Khanjars» duşuşygy bilen halkara ýaryşa badalga bermek meýilleşdirilýär.

Ýaryşda her gün sekiz duşuşyk geçiriler. Bu bolsa her gün her toparçada bir wekiliň dynç aljakdygyny görkezýär. Duşuşyklaryň ählisi paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda bolar. Toplumyň uly buz meýdançasynda «A», kiçi buz meýdançasynda bolsa «B» toparçanyň duşuşyklaryny geçirmek meýilleşdirilýär.

Aşgabadyň «Galkan» hokkeý topary ilkinji duşuşygyny 15-nji aprelde, ýaryşyň açylyş dabarasyndan soň, «Bahreýn» topary bilen geçirer. «A» toparçada ýaryşjak ildeşlerimiziň 16-njy apreldäki garşydaşy «Oman Khanjars» bolar. 17-nji aprelde «Ice Box», 18-nji aprelde «Feniks» bilen güýç synanyşjak «Galkan» 19-njy aprel güni dynç alar. Topar öz toparçasynda birinji ýa ikinji orny eýeläp bilse, 20-nji aprel güni geçiriljek aýgytlaýjy duşuşyklara gatnaşmaga hukuk gazanar.

Ýene-de okaň

Awazada Balkan welaýatynyň taryhynda ilkinji gezek küşt boýunça Gran-pri ýaryşy badalga aldy

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy