TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Aşgabadyň we onuň dostlukly-doganlykly şäherleriniň häkimleriniň halkara mejlisi geçirildi

2021-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda gibrid formatda Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygyna bagyşlanan Aşgabat şäheriniň we onuň dostlukly-doganlykly şäherleriniň häkimleriniň halkara mejlisi geçirildi.

Çäräni Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory P.Orazow açdy.

Ählilere işjeň gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirip, Aşgabat şäheriniň häkimi Ýa.Gylyjow Türkmenistanyň paýtagtynyň dostlukly, myhmansöýer, binagärlik nukdaýnazaryndan owadan şäher hökmünde ykrar edilendigi barada belledi. Ol “Aşgabat-siti” binägärlik taslamasy hakynda gürrüň berdi. Aşgabadyň baý taryhy barada gysgaça aýdyp, häkim BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkeziň ýerleşen hem-de halkara ähmiýetli iri çäreleriň geçirilýän şäheri bolan paýtagtymyzyň syýasy abraýyny belledi.

Türkmenistanyň Medeniýet ministri A.Şamyradow öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabyndan birnäçe setirleri mysal getirdi, paýtagtymyzda geçirilen we geçirilmegi meýilleşdirilýän iri medeni çäreler barada aýtdy. Aşgabat şäheriniň Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasynyň agzalygyna kabul edilmegi barada aýratyn nygtady, şeýle-de Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen desgalar barada aýdyp berdi.

Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly çärede Owganystan Yslam Respublikasynyň Kabul şäheriniň häkiminiň orunbasary S.Sidigi, Baku şäheriniň häkimi E.Aziz ogly Azizow, HHR-iň Lanjou şäheriniň häkimliginiň Halk hökümetiniň Baş sekretary Zh.Çenghu, Daşkent şäheriniň häkimi J.Artykhojaýew, Nur-Sultan şäheriniň häkiminiň orunbasary E.Kizatow, RF-niň Astrahan oblastynyň Daşary aragatnaşyklar baradaky agentliginiň başlygynyň w.ý.ý. A. Aýdin, Sankt-Peterburg şäheriniň hökümetiniň daşary aragatnaşyklar boýunça Komitetiniň başlygy Ýe.Grigorýew, Moskwa şäheriniň daşary ykdysady we halkara aragatnaşyklar boýunça departamentynyň başlygynyň orunbasary O.Şutenko çykyş etdiler.

Çykyş edenler Aşgabadyň Merkezi Aziýanyň iň gözel şäherleriniň biridigini, onuň baý taryhy geçmişiniň bardygyny hem-de häzirki wagtda dünýä derejeli megapolis, tehnologik ösüşiň we innowasiýalaryň milli merkezi bolandygyny bellediler. Şäherleriň arasynda dostluk, goldaw we şäher hojalygynyň dürli ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk esasynda dörän ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada hem bellediler. Şeýle-de oratorlar Aşgabat bilen emele gelen dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny aýratyn hormatlaýandyklary barada nygtadylar.

Mejlise gatnaşyjylar ABŞ-nyň Albukerke şäheriniň häkimi T.Kelleriň, Ýaponiýanyň Tendo şäheriniň häkimi S.Ýamamotonyň, Ankara şäheriniň häkimi M.Ýawaşyň, Bişkek şäheriniň häkiminiň orunbasary W.Mozgaçýowanyň wideoýüzlenmesini hem diňlediler.

Öz çykyşynyň dowamynda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär kätibi Ç.Rüstemowa gysga wagtda Merkezi Aziýanyň hakyky “merjenine” öwrülen paýtagtyň özboluşly dizaýny, gündelik özgerişleri barada aýdyp berdi. Ol 2020-nji ýylda Aşgabadyň “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň Kreatiw şäherleriniň ulgamyna girmek boýunça talapnama berendigi we talapnamanyň ÝUNESKO-nyň Sekretariaty tarapyndan resmi taýdan kabul edilendigi barada belledi.

Mundan başga-da çärä Kişinýow, Pekin, Stambul, Wena, Ýerewan şäherleriniň häkimleri gatnaşdylar.

Mejlise gatnaşyjylar türkmen paýtagtynyň ýeten sepgitleri hakynda wideorolige tomaşa etdiler.

Çäräniň ahyrynda Aşgabat şäheriniň we onuň dostlukly-doganlykly şäherleriniň häkimleriniň halkara mejlisine gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edildi.

 

Aşgabadyň 140 ýyllygy üçin 140 ýaşaýyş jaýy açylar

 

 

Ýene-de okaň

Awazadaky resminama BMG-niň resmi resminamasy hökmünde çap edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Türkiýede 8 aýda 69 sany Türkmen kompaniýa esaslandyryldy

Baş Redaktor

Teswirle