TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Aşgabadyň mekdep okuwçylarynyň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça bäsleşik geçirildi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi ösüp gelýän ýaş nesliň daşary ýurt dillerini öwrenmek höwesini artdyrmak, olaryň dil başarnyklaryny kämilleşdirmek we zehinli okuwçylary ýüze çykarmak maksady bilen, Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzdaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdepleriň 9 — 11-nji synplarynda okaýan okuwçylarynyň arasynda «Dil baýlygy — il baýlygy» atly bäsleşik yglan etdi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Geçen hepdäniň şenbe güni Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynda bu bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa paýtagtymyzyň etraplarynda geçirilen deslapky tapgyrlarda üstünlikli çykyş eden mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Bäsleşikde üç şert boýunça bäsleşildi. Birinji şertde «Ak şäherim Aşgabat» diýen tema boýunça 3 minutda her okuwçy taýýarlan wideoroliginiň mazmunyny täsirli beýan etdi. Bäsleşigiň ikinji şertinde her bir gatnaşyjy kesgitlenen 25 minudyň içinde bije çekmek arkaly eminler topary tarapyndan taýýarlanan tema boýunça gysgaça düzme ýazdylar. Üçünji şertde bije çekmek arkaly eminler topary tarapyndan berlen ýumuşlara jogap beren okuwçylar bäsleşige oňat taýýarlykly gelendiklerini görkezdiler.

Bäsleşigiň baş baýragyna Aşgabat şäher häkimliginiň 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Gunça Atamämmedowa, birinji orna Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 72-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Aýtäç Hajyýewa mynasyp boldy. Ikinji orny Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Gülnar Ataýewa, üçünji orny bolsa Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 97-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Hatyja Nuryýewa eýelemegi başardy.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda has tapawutlanyp, ýeňiji bolan mekdep okuwçylaryna Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň diplomlarydyr ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Hepdelik täleýnama (19-25-aprel)

 

Ýene-de okaň

Türkiýede mekdepler ýene-de 1 hepdeden açylýar

Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň döwrebap binasy gurlar

Sanawdaky Dokuz Eylül Uniwersiteti : Amerika we Türkiýede attestat bilen okamak

Baş Redaktor

Teswirle