SPORT

“Arsenal” Zinçenkony satyn alýar

Angliýanyň “Premýer Liga” çempionatynyň düzüminde çykyş edýän “Arsenal” topary özüniň çempionatdaky esasy bäsdeşlerinden biri bolan “Mançester Siti” toparynyň güýçli futbolçylaryny satyn alýar.

“Arsenal” topary Gabriel Žesusdan soňra ukrainaly futbolçy Aleksandr Zinçenkony hem hataryna goşýar. London topary Zinçenkony 30 million funt-sterlinge satyn alar.

25 ýaşyndaky futbolçy bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşmak göz öňünde tutulýar. Şol bir wagtda şertnamada goşmaça 2 million futn-sterling hem göz öňünde tutulypdyr.

“Mançester Siti” toparynyň çep goragçysy Aleksandr Zinçenko Ukrainanyň milli ýygyndysynyň düzüminde hem çykyş edýär.

“Arsenal” topary şu möwsümde güýçli futbolçylary düzümine goşýar. Häzirki wagtda bu topar Markinos, Matt Turner, Fabio Wieýra we Gabriel Žesus ýaly futbolçylary düzümine goşdy.

https://www.atavatan-turkmenistan.com/gazagystan-14-sany-ucar-satyn-alyar/

Ýene-de okaň

Ronaldonyň çempionlygyna 1 duşuşyk galdy

Gurban Berdiýew Azerbaýjanyň topary bilen ýewrokuboklara dolanýar

Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy Aziýa çempionatyna gatnaşar

“Şahtýor” 16-njy gezek Ukrainanyň çempiony boldy

“Barselona” Ispaniýanyň çempiony boldy

«Galatasaraý» topary Türkiýäniň çempiony boldy