Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen biziň — ýaşlaryň ylymly-bilimli, ilhalar, watançy adamlar bolup ýetişmegimiz ugrunda uly aladalar edilýär, ýurdumyzyň bilim we ylym binýadyny pugtalandyrmaga, ulgamy dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň derejesine ýetirmäge, maddy- -enjamlaýyn üpjünçiligini berkitmäge gönükdirilen uly işler durmuşa geçirilýär.
Watanymyzyň geljekki ösüşlerini ýaşlarda görýän Arkadagly Serdarymyz ýaş nesle uly ynam bildirip, okamagymyz, öwrenmegimiz üçin hemme şertleri döredýär. Bilim alýan orta mekdeplerimiziň iň ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagy ösen döwrümiziň talaplaryny doly ödemäge mümkinçilik berýär.
Üstümizdäki ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi ýaşlar hakynda edilýän aladanyň bimöçberdiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.
Üstümizdäki ýylyň şygarynyň hormatly Prezidentimiziň ady bilen baglanyşdyrylmagy biziň her birimizi asylly işlere ruhlandyryp, göwünlerimize ganat, arzuw-niýetlerimize belent bat berýär. Ilkinji günlerinden ösüş-özgerişlere, taryhy wakalara beslenýän Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyň ganatly şygary bizi öňküden-de ruhubelent zähmet çekmäge, şanly üstünlikleri gazanmaga ruhlandyrýar.
Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýaşlarymyz üçin mynasyp geljegi gurmak, olaryň bilim derejelerini yzygiderli ýokarlandyrmak babatda berýän tabşyryklaryndan ugur alyp, işlerimizi döwrebap şertlerde guramak örän ähmiýetlidir. Hut şu nukdaýnazardan hem, inženerçilik ugurly ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlaryň sanly işläp taýýarlamalaryny önümçilige ornaşdyrmagy gazanmak, robot tehnologiýalaryny öwretmek işini döwrebap görnüşde guramak, önümçiliklerde we durmuşyň dürli ugurlarynda adama ýeňillik döredip biljek emeli aňyň mümkinçiliklerini giňden ulanmak arkaly işläp taýýarlamalara ýaşlaryň gatnaşmagyny üpjün etmek, nanotehnologiýanyň mümkinçiliklerini giňden öwrenmäge çekmek döwrüň talabydyr, öňümizde durýan möhüm wezipelerdir. Ýeri gelende aýtsak, bu işleri amal etmekde ýokary okuw mekdebimizde hem mynasyp işler durmuşa geçirilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynyň maddy-enjamlaýyn binýady has-da pugtalandyrylýar. Döwrebap tehnologiýalardan baş alyp çykmak ýaşlarymyzyň jogapkärli wezipesine öwrüldi. Bu meselede ýurdumyzyň bilim ulgamy has-da kämilleşdirildi. Häzirki döwrüň ýaşlary daşary ýurt dillerinde erkin gürlemegi başarýarlar. Munuň özi ýurdumyzyň at-abraýyny has-da belende galdyrmakda ýaşlaryň ornunyň aýratyndygyny ýene bir gezek subut edýär. Ösüp gelýän ýaşlary gadymdan gelýän ýörelgelere eýerip terbiýelemek, olaryň ynsanperwerlik we watansöýüjilik duýgularyny ösdürmek, ata Watanymyza wepaly edip ýetişdirmek esasy maksadymyzdyr.
Häzirki ajaýyp döwrümizde döwletimiz ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi, olaryň innowasion ösüşlerden oňat baş çykarmaklary üçin döwrebap hünärleri ele almaga, sanly tehnologiýalary we serişdeleri özleşdirmäge ýardam berýän ähli amatly şertleri döredýär. Hususan-da, ýaşlar ylmyň gazananlaryny özleşdirmäge işjeň gatnaşýarlar. Talyp ýaşlarymyz, mekdep okuwçylarymyz halkara bäsleşiklerine gatnaşyp, uly üstünlikleri gazanýarlar. Munuň özi Diýarymyzda ýaşlaryň okamagy, bilim almagy, hünär öwrenmegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini aýdyň görkezýär.
Türkmenistanda bilim ulgamyny ösen döwrüň talaplaryna laýyk kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli özgertmeler maksatnamasy toplumlaýyn durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda iň täze, döwrebap kompýuter tehnologiýalary, multimedia ulgamlary bilen üpjün edilen orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag merkezleriniň giň ulgamy döredildi. Durmuşa geçirilýän innowasion özgertmeleriň barşynda bilim ulgamynda giň mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi bu ulgama ylmy-tehniki täzelikleriň ornaşdyrylmagy bilen onuň has-da rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginde ýaşlaryň uly güýç bolup durýandygyny Gahryman Arkadagymyz hem, Arkadagly Serdarymyz hem yzygiderli nygtaýarlar. Bu barada Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýakynda bolup geçen gurultaýynda hem giňişleýin aýdyldy. Ýurdumyzda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn zehinleriniň taplanmagy, işjeňlik sypatlarynyň kämilleşmegi üçin ähli şertler döredilip, olara jogapkärli wezipeler ynanylýar. 2023-nji ýylyň şygarynyň bagtyýar ýaşlarymyzyň ady bilen baglanyşdyrylmagy ýöne ýerden däldir. Ýaşlaryň hatarlaryndan hormatly Prezidentimiz ýaly beýik şahsyýetleriň saýlanyp öňe çykmagy buýsançly başymyzy Göge diredýär. Arkadagly Serdarymyzyň amala aşyrýan beýik işleri diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem, dünýä derejesinde-de nusgalyk bolup durýar.
Nurly Hudaýwerenow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
“Ykdysadyýet we dolandyryş” fakultetiniň
“Ýokary matematika” kafedrasynyň uly mugallymy.
