Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň konferens-zalynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň nobatdan daşary konferensiýasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.
Onuň gün tertibiniň esasy meselesi täze döredilen “Arkadag” futbol klubuny TFF-niň agzalygyna kabul etmek bilen bagly boldy. Geçirilen ses berlişigiň netijesinde “Arkadag” futbol kluby biragyzdan Türkmenistanyň Futbol federasiýasyna agzalyga kabul edildi.
Onuň yzysüresi geçirilen TFF-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýygnagynda täze döredilen “Arkadag” futbol klubuny ýurdumyzyň futbol çempionatyna hem-de Kubogy ugrundaky bäsleşige goşmak barada karara gelindi.
Şeýle-de, TFF-niň ýerine ýetiriji komitetiniň ýygnagynda ýurdumyzyň futbol çempionatynyň, Kubok bäsleşiginiň hem-de ýaşlar toparlarymyzyň gatnaşmagynda geçiriljek ýaryşyň geçiş tertipleri ara alnyp maslahatlaşyldy.